2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 1-nji orta mekdebinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýaşlaryň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini has içgin öwrenmegini gazanmak maksady bilen “Magtymguly Pyragy berkararlygyň waspçysy” atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga mekdebiň 6-7-8-9-njy synplarda okaýan höwesjeň oglan gyzlar gatnaşdylar. Okuwçylar Magtymguly Pyragynyň “Dag saýar”, “Mert bolmaz”, “Atça bolmaz”, “Türkmeniň” başgada birnäçe ajaýyp goşgularyny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabyndan parçalary ýerine ýetirdiler. Duşuşygyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ömür ýoly baradaky döredilen rowaýatlaryň birnäçesi sahnalaşdyryldy, şeýle-de, dabaranyň dowamynda mekdebiň 9-njy synp okuwçysy R.Batyrowanyň şahyryň “Aýryldym” atly goşgusynyň sözlerine ýerine ýetiren aýdymy has-da täsirli boldy. Duşuşyk mekdebiň 8-nji synp okuwçysy A.Atabaýewanyň ýerine ýetirmegindäki “Arkadagly Serdar gelýär” aýdymy bilen jemlendi.
Atajan JORAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.