Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylan ýylymyz hem taryhy wakalara, rowaçlyklara beslenýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň abadançylygynyň, eşretli durmuşynyň we ýurdumyzyň röwşen geljeginiň bähbidine giň gerimli döwletli durmuşa geçirilýär. Şol durmuşa geçirilýän işleriň özeninde bolsa ýurdumyzyň röwşen geljegini gurujylar bolan ýaşlar baradaky alada orun alýar. Ýaşlar ýurdumyzyň geljegi, jemgyýetimiziň ygtybarly hereketlendiriji güýjidir. Şu günler berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, orta mekdebi tamamlaýan ýokary synp okuwçy ýaşlaryň arasynda soňky jaň dabarasyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, şeýlede zyýanly endiklerden daşda durmak, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okaýan ýokary synpy tamamlaýan okuwçylaryň arasynda wagyz nesihat çäreleri geçirilýär.
2023-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 29-njy orta mekdebinde 11-nji synpy tamamlaýan okuwçylaryň arasynda “Terbiýe bagtyň gözbaşy” atly wagyz nesihat çäresi geçirildi. Wagyz nesihat çäresinde Kerki etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Ş.Ataýew, Kerki etrabynyň polisiýa bölüminiň KÝaÝeIBB-niň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany P.Annaýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa çykyş etdiler. Çykyş edenler berkarar döwletimizde bolelin durmuşda ýaşaýan halkymyzyň bagtyýar geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesilleriň kämil, ruhy-ahlak kadalaryna, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän, ruhubelent, bilim-düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmegi baradaky alada döwlet derejesinde duran meseleleriň biridi, şol bildirilýän talaplara jogap edip, Arkadagly Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrmaga saldamly goşant goşjak ýaşlar bolmalydyklary barada bellediler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.