“GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK”

Hormatly Prezidentimiziň:“Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr. Şoňa görä-de, bu ulgamy ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýarys. Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine uly goşant goşýarys. Türkmenistan bu gün sport ýurdy hökmünde hem dünýäde giňden tanalýar. Paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda döwrebap sport desgalary, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary guruldy” diýen ajaýyp sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň özgertmeleri başdan geçirýändigine şaýatlyk edýär. Şol maksat bilen TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan Hazar şäherçesiniň 4-nji sport mekdebinde mekdep okuwçylaryň arasynda sportyň futzal görnüşi boýunça ýaryşy geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryşda I orna “Agzybir” topary, II orna “Deňiz” topary, III orna “Hazar” topary ýeňiji bolmagy başardylar. Bäsleşiklerde ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Baýramgül SAFAROWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR