EDEP-TERBIÝE

Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda 11-nji synp okuwçylarynyň ene-atalaryna, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher hem-de Bagtyýarlyk etrap Geňeşleriniň bilelikde gurnamagynda umumy mekdep ene-atalar ýygnagy geçirildi.

Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirilen bu ýygnaga Bagtyýarlyk etrabynyň PB-niň KÝÝIBB-wekili, TDMG-nyň Aşgabat şäher boýunça müdirliginiň wekili, Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň wekili şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwüründe Watanymyzda adamlaryň asudalygyny goramak barada alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň ösüşleri, ýaşlaryň ähli taraplaýyn sagdyn, aňly düşünjeli kemala gelmekleri, olaryň öz saýlap alan hünärlerine eýe bolmaklary ýokary intellektual ulgamlardan baş çykaryp bilýän, watanymyza, Arkadagly Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryna wepaly bolup okamaklary, ýaşamaklary üçin döredilýän şertler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem 2022-2023-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilýän “Soňky jaň” dabarasyny üstünlikli geçirmek maksady bilen 11-nji synpy tamamlaýan uçurymlaryň ene-atalaryna mekdep lybasynyň talaba laýyk bolmalydygy, Milliligi, arassa ahlaklylygy, maşgala mukaddesligi, milli ruhda döwrebap nesil terbiýesi barada, baýramçylyk çärelerinde milli äheňde geýinmekleri şeýle hem jemleýji synaglaryna taýýarlygy güýçlendirmekleri boýunça düşündiriş işleri geçirildi.

Taryhy wakalara beslenýän “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň ýaşlar üçin uly ähmiýetiniň bardygy bellenilip, ýaşlara döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, bilimini, zehinlerini taplamaklaryny, köp okamalydygyny, olaryň döwrebap kitaphanalarda okamagy üçin ähli şertleriň bardygyny bellediler. Çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýaşlar üçin edýän aladalary, döredýän giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Laçyn ANNANORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 1037 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI