AZYK BOLÇULYGY – RYSGAL – BEREKEDIŇ ÇEŞMESI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça giň göwrümli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle özgertmeler oba hojalyk pudagynyň hem ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň berkarar Watanymyzda obasenagat toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty innowasion esasda, sanly ulgam arkaly ýerden bol hasyl almaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, halkymyzy ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge, daşary döwletlerden getirilýän önümleriň öz ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen ornuny çalyşmaga hem-de eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň durmuş hal-ýagdaýlaryny has-da gowulandyrmaga gönükdirlendir.

Oba hojalygyny özgertmek we ösdürmek barada kabul edilýän Kanunlar, taryhy çözgütler, önümçilik-ykdysady gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegi Galkynyşly zamanada ýaşaýan türkmen halkyna, şol sanda halal türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, gurmaga, toprakdan bol hasyl öndürip, eşretli durmuşda ýaşamaga doly mümkinçilikler döredýär. Tehniki hyzmatyň, döküniň, tohumyň, ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleriň daýhanlara ýeňillikli bahalardan berilmegi kärendeçiler tarapyndan öndürilip tabşyrylan önüm üçin öz wagtynda hasaplaşyk geçirilmegi oba hojalygynda işleriň ilerlemegine itergi berýär.

Oba-hojalygyny ösdürmek barada hormatly Prezidentimiziň edýän bimöçber aladalary daýhanlaryň ýere aýratyn yhlasly çemeleşmegine uly höwes döredýär. Oba zähmetkeşleri ata-babalarymyzdan miras galan gadymy ekerançylyk ýörelgeleri we asyrlaryň synagyndan geçen baý tejribeleri kämilleşdirip, olary sanly tehnologiýalar, hojalygy ýöretmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan häzirki zaman usullary bilen ussatlarça utgaşdyrýarlar. Ýeri gelende bellesek, oba hojalyk pudagynyň zähmetkeşleriniň işiniň ilerlemegi, ýokary netijeleriň gazanylmagy, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy üçin ýurdumyzyň tebigy hem-de topragyň gurluş aýratynlygy göz öňüne tutulyp, şol şertlerde kämil işläp biljek iň täze kysymly tehnikalar satyn alynýar. Daýhanlaryň zähmetiniň üstünliklere beslenmegi üçin oňyn şertler döredilýär, ylmy taýdan özleşdirilen öňdebaryjy usullar ornaşdyrylýar. Bu döredilýän mümkinçilikler oba zähmetkeşleriň yhlasly zähmetine goýulýan sarpanyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu bolsa oba hojalyk ulgamyna degişli işgärleri täze zähmet ýeňişlerine, beýik netijelere ýetmäge ruhlandyrýar. Şeýlelikde daýhanlarymyzyň irginsiz zähmeti bilen ýylyň-ýylyna gowaçadan, bugdaýdan, gök-bakja we miwe ekinlerinden bol hasyl alynmagy netijesinde ak bazarlarda önüm bolçulygyny döredip, bagtyýar raýatlarymyzyň ajaýyp döwürde ýaşaýandygynyň şaýady bolup durýar.

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösüşine ýaşlaryň hem saldamly goşantlaryny goşmagy has-da begendirýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, bu pudagy iň bir girdejili pudaga öwürmekde bilimli, zähmetsöýer, ýaşlaryň önjeýli goşantlaryny goşmaklary, gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekmekleri, şeýle zähmetsöýer, watansöýüji ýaşlaryň hatarynyň barha giňemegi bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna uly ýardam edýär.

Berkarar Watanymyzyň gelejegi bolan türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, hünär saýlamaga, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Watanymyzyň we halkymyzyň bähbitlerine gönükdirlen tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

 

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar