BEÝIK ÝEŇŞIŇ 78 ÝYLLYGY

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň baýram edilmegi her bir türkmen raýaty üçin şatlykly wakadyr. Ilkinji jahan urşunyň aldym-berdimli söweşlerinde beýleki milletler bilen bir hatarda, türkmen ýigitleri hem halkymyza mahsus bolan mertlik, gaýduwsyzlyk bilen söweşip, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Bu gün döwlet Baştutanmyzyň tagallalary netijesinde, milli däplerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Halkymyz olary berjaý edýär hem-de olara uly sarpa goýýar. Ýeňiş güni ata-babalaryna buýsanýan, olaryň wesýetlerini sarpalaýan türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýelemekde aýratyn ähmiýeti bolan senedir. Bu günki günde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde XX asyryň ýowuz urşunyň frontlarynda söweşen weteranlary, mukaddes borjuny mynasyp berjaý edip, ojaklaryna dolanyp gelenleri, tylla zähmet çekenleri, wepat bolanlaryň yzynda galan ýanýoldaşlaryny sarpalamak çäreleri geçirilýär. Beýik ýeňişiň hormatyna her ýyl uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan naçarlara-mähriban enelerimize gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Watanmyzyň azatlygyny, garaşsyzlygyny gorap saklan edermen, gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şan-şöhraty halkymyzyň taryhyna girip, ol milli gahrymanlarymyzyň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” atly ýadygärlik kitaplarynda ebedileşdirildi. Halkymyzyň edermen ogullary we gyzlary beýleki doganlyk halklar bilen bilelikde urşuň agyr synaglaryny başdan geçirip, dünýäde parahatçylyk, asudalyk durmuş ugrunda bolan söweşlerde belent ahlak häsiýetlerini, edermenligiň, gaýduwsyzlygynyň, gahrymançylygyň nusgalaryny görkezýärler. Olaryň hatarynda Milli Lidermiziň atasy Berdimuhammet Annaýew hem bolup, onuň durmuş ýoly bu gün ýaşlar üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we borjuňa wepalylygyň nusgasydyr. Watandaşlarymyzyň müňlerçesi adamzadyň taryhynda örän ýowuz we rehimsiz uruşlaryň biriniň jeň meýdanlarynda görkezen edermenligi, gaýduwsyzlygy üçin söweşjeň ordenlerdir medallar bilen sylaglanyp, “Gahryman” diýen belent ada mynasyp boldular. Bu gün ähli zatlar-ýaz ýagşyna ýuwulan baglar, ýadygärlige goýulan gül desseleri, ak saçly weteranlaryň döşündäki ordenler we medallar çäräniň öwüşginini artdyrýar.

 

Rüstem HOJANEPESOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk

etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Öňki makala

EDEP-TERBIÝE

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 1037 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI