“HALYPA ŞÄGIRTLIK ÝOLY”

Halkymyzyň baý milli mirasyna, medeniýetine we sungatyna sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu däp täze röwşe eýe boldy. Medeniýet-ynsanlara nähili ýaşamalydygyny öwredýän beýik mugallym. Sungat-barlygy manyly ýaşamagyň ýörelge-ýoly. Döredijilik-özgeleriň aňyny ösdürmäge özüňi bagyşlamak. Bularyň ählisi birleşip, ynsanyň içki dünýäsini baýlaşdyrýan, ruhy iýmit bolup hyzmat edýän kämil eserleriň döremegine esas bolýar. Hut şonuň üçin Gahryman Arkadagymyz medeniýeti halkyň kalbyna deňeýär, medeniýeti we sungaty ösdürmegi, metbugatdyr telewideniýäniň işini kämilleşdirmegi yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Diýarymyz ähli ulgamlar boýunça bedew bady bilen öňe barýar. Döwrüň aýnasy hasaplanýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolsa, taryhy wakalardyr döwletli tutumlary äheň-ähmiýeti bilen giňden beýan edip, olary taryhyň sahypalaryna ýazýar. Döwrüň belentligini, ýeten derejesini onuň özi ýaly belentden wasp etmeli. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp Gahryman Arkadagymyz halypa şägirtlik ýoluna uly sarpa goýýan ýaşlarymyzyň okamagy öwrenmegi döredijilikli zähmet çekmegi üçin ýurdumyzda birnäçe medeniýet sungat mekdepleri sazçylyk mekdepleri açylyp ýaşlarmyzyň döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin birnäçe halypa mugallymlardan halypalarymyzdan galan aýdymdyr sazlary öwrenip, şolary täzeçe görnüşde işläp halk köpçüliginde ýetirip toýlarda baýramlarda ýerine ýetirýärler. Şu maksat bilen ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde, mekdebiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň gatnaşmagynda halypa şägirtlik aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Täsirli geçen duşuşykda halypa bagşymyzyň şirin owazlary uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Ýaşlarmyza şular ýaly döredijilik bilen meşgullanmaga, halypa şägirtlik ýolyny dowam etdirmäge ähli mümkinçilikleri açyp beren Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

 

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR