“TALYP JOŞGUNY – 2023” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY YGLAN EDILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirýän “Talyp joşguny – 2023” atly döredijilik festiwalynyň

DÜZGÜNNAMASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny dowam edip, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda giň möçberli maksatnamalar, döwrebap taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, döwrebap, kämil eserleri döretmek ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymy taryhyny we medeni mirasyny içgin öwrenmeklige uly ähmiýet berýär. Bularyň ählisiniň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak uly ähmiýeti bardyr.

Hormatly Prezidentimiziň bu asylly ýörelgelerine eýermek bilen,Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyňjoşgunly owazyny wasp etmek, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehin-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda “Talyp joşguny – 2023” atly döredijilik festiwalyny yglan edýär.

 

FESTIWAL ŞU AŞAKDAKY UGURLAR BOÝUNÇA ŞERTLENDIRILÝÄR:

  1. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylybilen bagly edebi-çeper kompozisiýa (talyplar islegine görä daşary ýurt dillerinde çykyş edip bilerler);
  2. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini, Ata Watanymyzy wasp edýän aýdym;
  3. Talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde aýdyşyk aýdymy;
  4. Talyplar toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdymy;
  5. Talyplar toparyndan düzülen orkestriň milli we nusgawy saz gurallarynyň sazandarlyk etmeginde sazly çykyş;
  6. Talyp durmuşyndan degişme sahnasy;
  7. Halk döredijiliginiň eserlerinden parçany ýerine ýetirmek;
  8. Şygyrlary çeper okaýyş;
  9. Meşhur awtorlar tarapyndan döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek;
  10. Taryhda yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň keşbini çeper ussatlyk bilen ýerine ýetirmek arkaly teatrlaşdyrylan sahna oýny;
  11. Saz astynda tansly çykyş.

 

FESTIWALYŇ GEÇIŞ TERTIBI:

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklary şu Düzgünnamanyň metbugatda resmi çap edilen senesinden başlap, 2023-nji ýylyň 28-nji maýyna çenli bije çekmek arkaly öz ýokary okuw mekdebiniň fakultetleriniň arasynda saýlanyp alnan ugur boýunça bäsleşik geçirip, şol bäsleşigiň ýeňijilerinden çeper höwesjeňler toparyny döredýärler we onuň düzümini kesgitläp, ony guramaçylyk toparyna tabşyrýarlar. Ýurdumyzyň her bir ýokary okuw mekdebi özünde geçirilen “Talyp joşguny – 2023” atly döredijilik festiwalyny hökmany suratda ýazgy edýär we DVD formatly kebşirlenmedik görnüşdäki wideoýazgylary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet bölümine bäsleşigiň geçen senesiniň ertesi tabşyrýar. Ýokary okuw mekdeplerinden saýlanan çeper höwesjeňler topary 2023-nji ýylyň 1-10-njy iýuny aralygynda döwlet derejesinde geçiriljek döredijilik festiwalynda çykyş etmäge hukuk gazanýarlar.

Döredijilik festiwalynda ýokary ussatlyk bilen çykyş eden ýokary okuw mekdepleriniň talyplar toparlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

 

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi Geňeşi: 44-88-79, 44-88-85.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-84-16.