Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz ýurdymyzyň ösüşleri bilen baglanşykly buýsançly wakalaryň şaýady bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren umumyadamzat bähbitli, ýaşlary milli watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýe bolan ylmy işleri, ajaýyp kitaplary watansöýüjiligiň, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň beýik mekdebidir. Bu ylmy işler we eserler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň raýatlarymyzyň her biriniň ýan kitaplaryna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýuwrulan kitaplaryndaky Watançylyk pentleri bize hemişe ýol ýörelge, baý durmuş mekdebi bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Ömrümiň manysy” atly kitaby hem halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryny beýan edýän ajaýyp eserdir. Çuň many-mazmunly täze eserinde Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar hem-de ömrini ata-Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlan durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlary beýan edýär. Milli Liderimiziň bu kitaby Watany söýüp, ony ezizlenmegiň, halal zähmet çekip, il-ýurda ak ýürekden hyzmat etmegiň iň kämil waspçysydyr. Gahryman Arkadagymyzyň bu eserinde şu gün we geljek üçin örän möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Olarda mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, ata-babalarymyzyň beýik işleri, türkmen topragynyň gülläp ösüşleri, saz, söz, sungat medeniýet, parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, milli garaýyşlar, milli duýgy-düşünjeler, döwletlilik, syýasat, adalat, diplomatiýa, taryh hem miras, şu gün hem geljek hakynda söhbet edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby ösüşiň täze tapgyry-Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent maksatlara ýetmekde halkymyza ruhy goldaw berer. Şeýle ajaýyp kitaplary ýazyp nesillere gymmatly gollanmalary bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ýiti, ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny, hem-de ýurdymyzy täze ösüşler bilen öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsyn.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap Geňeşiniň Sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.