Berkarar döwletiň täze Eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan bütin dünýäde ählitaraplaýyn ösen döwlet hökmünde ykrar edilýär. Ýetilýän belent sepgitleriň özenini esasy Kanunymyza laýyklykda durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalaýyn işler düzýär. Bu bolsa milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň doly ykrar edilmegine, ýaşyl tugumyzyň belentde parlamagyna ýardam berýär. Munuň özi esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününde — baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli şöhlelendirilýär, özüniň ajaýyp beýanyny tapýar.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda ençeme medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalaryň gurulmagy netijesinde baş Baýdak meýdançasynda belentden parlaýan ýaşyl Tugumyza nazaryň düşende bolsa, buýsançly duýgular has-da joş urýar. Çünki mukaddes Tugumyz geçmişimiziň şanlydygynyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň döwrümiziň şöhratlydygynyň, geljegimiziň nuranadygynyň kepili bolup, al-asmanda parlaýar. Şeýle-de mukaddes türkmen topragynyň adatça öwüsýän sergin şemalyna bir enaýy pasyrdap, hoş owaz edýän Döwlet baýdagymyzy synlan islendik adam zähmetsöýer halkymyzyň mizemez agzybirligine, jebisligine, watanperwerligine aýdyňlygy bilen göz ýetirip biler. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň göwün göteriji baýramçylyk dabaralarynyň ýokary ruhubelentlige beslenýän pursatlarynda bu mizemez durmuş hakykatlary barada nygtamak aýratyn ýakymly.Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň ebedilik nyşany bolan Konstitusiýamyzyň hem-de ýaşyl Tugumyzyň gününiň bilelikde toýlanylmagy-da şunuň ýaly durmuş hakykaty bilen berk baglanyşyklydyr. Bu goşa mukaddeslik ata Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň berk binýadydyr. Eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady, syýasy, medeni-jemgyýetçilik ösüşleriniň gözbaşydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berkden-berk jebisleşen merdana, agzybir halkymyz esasy Kanunymyzyň binýatlyk kadalaryna daýanmak arkaly, mukaddes Tugumyzy belentde parladyp, gurýar, döredýär, röwşen geljege tarap okgunly öňe barýar. Häzirki döwürde ýurdumyz türkmeniň milli döwletlilik ýol-ýörelgelerini, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny we dünýä tejribesini nazara almak bilen, kämil kanunçylyk ulgamyny döredýär. Esasy Kanunymyz ählumumy ykrar edilen ýörelgelere kybap gelýän hukuklary we azatlyklary kepillendirýär. Döwlet Tugumyz bolsa, şöhratly taryhymyzy, milliligimizi, döwletliligimizi, eşretli zamanada ýaşaýan halkymyzyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik üstünliklerini doly suratlandyrýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä dolan şan-şöhratyny, abraý-mertebesini belende göterýän uly ösüşleri gazanýar. Şunuň ýaly köpugurly üstünlikleriň binýady — Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz bolsa, bagtyýar ýaşlarymyzy watansöýüjilik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklardyr. Türkmen halky tarapyndan agzybirlik bilen toýlanýan bu gymmatlyklarymyzyň goşa baýramy ýaşlaryň çuňňur watansöýüjilik duýgularyny kämilligiň çäksiz belentliklerine göterýär. Olary halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýşy ugrundaky döredijilikli zähmete mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Ak ertirlerimize bolan synmaz ynamy öňküden hem pugtalandyrýar. Bu gün Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan nyşanlarymyzyň — Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni. Şeýle günde şöhratly halkymyzyň özbaşdak ösüş ýoluna bolan hukugynyň alamaty bolan goşa mukaddesligimiziň baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uludan toýlanýar. Bu goşa toý mynasybetli Diýarymyzda ýokary baýramçylyk ruhunda dabaralar geçirilip, milli gymmatlyklarymyzyň we ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň waspy ýetirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzy merdana türkmen halkymyzy Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Gurbangeldi HYDYROW,
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar
Jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky
ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.