13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirilýär. “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary milli kanunçylyga girizmek boýunça kanun taslamasy taýýarlanylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 20-nji aprelde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň, şeýle hem Halk Maslahatynyň döredilmeginiň, onuň işiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ilat arasynda giňden wagyz etmek hem-de düşündirmek maksady bilen, welaýatlarda, paýtagtymyzda deputatlaryň gatnaşmagynda maslahatlar guraldy.
Şeýle-de Tailand Patyşalygynyň we Gruziýanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklaryň netijeleri barada maglumat berildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili bilen duşuşyk geçirildi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde şu ýylyň 16-njy maýynda Aşgabatda geçiriljek “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly Merkezi Aziýa sebitleýin maslahatyna we şu ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk barada hem habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, öňde boljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda” Kararynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu resminamada ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, häkimlikleriň döwletimiziň baş maliýe meýilnamasyny düzmek üçin hasabatlary taýýarlamagynyň anyk möhletleri we tertibi kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudaklaryň okgunly ösüşini üpjün etmek hem-de ähli ulgamlarda meýilnamalaýyn tabşyryklary ýerine ýetirmek üçin netijeli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew gözegçilik edýän toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudaklaýyn düzümleri yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de hödürlenen resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýewi, başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä B.Amanowy belläp, ony döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatdy. Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bu konserniň başlygynyň orunbasary M.Babaýew bellenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen, A.Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Hususan-da, birinji hatarara bejergi we ýekelemek, otag etmek, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar.
Galla oragynyň başlanmagyna çenli kabul ediş nokatlarynyň 152-sini doly taýýarlamak üçin degişli çäreler geçirilýär. Şu ýyl galla oragynda galla orujy kombaýnlaryň 2 müň 62-sini peýdalanmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda göçme ussahanalar, beýleki zerur enjamlar hem-de awtoulaglar bilen üpjün edilen sazlaýyş-abatlaýyş toparlarynyň 417-si döredildi. Kabul ediş nokatlaryna, elewatorlara we ammarlara bugdaý hasylyny bökdençsiz daşamak üçin awtoulaglaryň 10 müň 310-syny herekete girizmek göz öňünde tutulýar. Olar gije-gündizleýin tertipde işlediler. Meýdan düşelgelerinde gallaçylaryň dynç almagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur çäreleriň görülýändigi barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna we depginlerine ünsi çekdi hem-de bu işleriň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmelidigi, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmelidigi babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem wise-premýer mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanda 2023-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizde oba hojalyk pudagynyň ähmiýetini belledi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk derejede, gysga möhletde geçirmegi, şol sanda ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli tagallalary etmegi, wise-premýere bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbini mundan beýläk-de özgertmek, şäher ýaşaýjylary üçin has amatly durmuş we dynç alyş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly şähergurluşyk syýasaty netijesinde ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat ýaşamak, işlemek hem-de medeniýetli dynç almak üçin iň amatly şäherleriň birine, halkara derejeli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülýär. Muňa türkmen paýtagtyny ösdürmegiň dürli tapgyrynda gurlup ulanmaga berlen binalardyr desgalaryň ýüzlerçesi aýdyň şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ilatymyzyň ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.
Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň şäherlerini, şol sanda özboluşly binagärlik çözgütlerini peýdalanmagyň mysaly hökmünde paýtagtymyz Aşgabady toplumlaýyn gurmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň bellenilen tertipde ylalaşylan taslamasynyň meýilnamasy we çyzgysy taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde 28-nji maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde önümçiligiň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy geçiriler. Milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde bitiren hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, olara “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly atlar dakylar. Paýtagtymyzda “Türkmeniň halysy — türkmeniň kalby” atly türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň XXIII mejlisini, şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu täsin sungatyň halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip gelinýän milli buýsanjydygyny belledi hem-de meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa her ýylyň 18-nji maýynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň welaýatlarynda maslahatlary, sergileri, duşuşyklary we beýleki baýramçylyk çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Aşgabatda Konstitusiýa binasyna we Türkmenistanyň Baş baýdagyna gül goýmak dabarasy, sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, täze taryhy eýýamda Esasy Kanunymyzyň we ýaşyl tugumyzyň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, onuň parahatçylyk we ynsanperwerlik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň nyşany bolup durýandygyny nygtady. Bu mizemez ýörelgeler döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda öz beýanyny tapýar.
Döwlet Baştutanymyz bu baýramyň jemgyýetimizi jebisleşdirmekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýetini belläp, wise-premýere ähli meýilleşdirilen dabaralara taýýarlygyň we olary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 2022-2023-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli çäreleri hem-de umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlary üçin «Soňky jaň» dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Däp bolşy ýaly, baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde oturdylan Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak çäresi bilen başlanar. Şol gün ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde “Ýurdumyz berkarar, gadamymyz batly — Arkadag Serdarly ýaşlarymyz bagtly!” atly şygar astynda baýramçylyk dabaralary guralar. Has tapawutlanan uçurymlara Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.
25-nji maýda agşam Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem dabaralar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, meýilleşdirilen ähli dabaralaryň aýratyn ruhubelentlik hem-de şadyýanlyk ýagdaýynda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we wise-premýere, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahatyň we serginiň jemleri barada hasabat berdi.
Foruma dünýäniň 45 ýurdundan 800-den gowrak wekiliň gatnaşandygy, 100-e golaý duşuşygyň geçirilendigi hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň 26-syna gol çekilendigi barada habar berildi. Iri halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, ugurdaş ulgamyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda biziň ýurdumyzyň halkara ylalaşyklara goşulmagy, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, milli ulag ulgamyny netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara maslahatyň we serginiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, onuň jemleriniň netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, köpugurly üstaşyr ulag hem-de logistika düzümlerini döretmek boýunça möhüm ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigini belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky toplumlaýyn işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemlerini jemläp, şu gün birnäçe möhüm meselelere garalandygyny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň kabul edilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.