Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap geňeşi tarapyndan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň 2103 harby bölüminde harby gullukçylaryň arasynda «Sport – ýaşaýşyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa ornaşdyrylýan sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, şeýle-de ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek bu günki günde ata Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak ilen ynsan saglygyny pugtalandyrmak, şeýlelikde, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary kemala getirmek üçin yzygiderli alada edilýändigi barada täsirli çykyşlar edildi.
Türkmen sportyny dünýä ýaýmakda bitirýän işleri üçin çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Rejepnur ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň
Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.