Köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan pederlerimiziň miras goýan taryhy, ruhy we medeni ýadygärlikleri nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr.Türkmeniň ahalteke bedewleri, nepis halylary, dürli saz gurallary, şaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny maddy gymmmatlyklar bolup, ir döwürlerden bäri adamzat gazananlarynyň hataryna girdi. Düýpsüz ummany ýa-da salýan bu gymmatlyklary ata-babalarymyz gözüniň göreji ýaly saklap, kämil derejede biziň şu günlerimize ýetirip bilipdirler. Ine, şol gymmatlyklaryň biri hem beýleki tohumlar bilen garyşman, özüniň asyl görnüşini asyrlarboýy saklap gelen türkmeniň alabaý itleridir. Milli Liderimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda tohum itleriň gelip çykyşy we ösdürilişi hakynda gymmatly maglumatlar berilýär.
Taryhda oguz taýpalarynyň, hunlaryň, saklaryň Ýewropa aralaşmagy bilen alabaýlaryň Ýewropa äkidilendigi, alabaý bilen seçgi edilip, itleriň dürli görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilendigini alymlar tassyklaýarlar. Gadymy Altyndepede geçirilen gazuw agtaryş işlerinde toýunsow palçykdan bişirilip ýasalan itiň heýkeljigi tapyldy.
Alabaýyň öz reňkini Garagum sährasyndan alandygy we onuň suwsuzlyga, tebigatyň ýowuz howa şertlerine, güýçli sowuga, yssa çydamlydygy baradaky maglumatlar ylmy çeşmelerde häli-şindi gabat gelýär bu bolsa taryhyň jümmüşinde alabaýyň halkymyzyň at bilen birlikde, iň ýakyn ýoldaşy bolandygy baradaky ylmy garaýyşlary has-da berkidýär.
Halkymyz adamyň wepaly ýoldaşy hökmünde alabaýa halk döredijiliginde hem uly orun beripdir we olar halk hakydasynda ebedilik galypdyr. Halk lukmançylygynda adamyň bogazynda galan süňki aýyrmakda itiň deminiň bire-bir emdigi baradaky maglumatlar alabaý itiniň adamzat döräli bäri oňa wepaly dost, ynamdar ýoldaş, halasgär bolandygyna güwä geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” kitabynda hem birnäçe pähimler bar: ”Itiň demi-süňküň emi”, ”It ata-är daýa”, ”Arkaly köpek gurt alar”, ”It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy”, ”Uruş ite ýagşy”, ”It öýkelär eýesi duýmaz”.
GDA–nyň düzümine girýän birnäçe döwletleriň kinologiýa guramalary aziýa aw itleriniň esasy nusgasy hökmünde türkmen alabaýlary diýip hasaplaýar. Olar güýçli, çydamly, gaýduwsyz, syzyjy, özboluşly aýratyn alamatlary bolan itlerdir. Arassa tohumdan bolan alabaýlaryň nesil berijiligi iki üç güjük bolup olar doglanda iriligi bilen tapawutlanýarlar.Täze doglan güjükler hökman enesiniň owuz süýdünden doýmaly ýogsa olar dürli kesellere durnuksyz, yssa çydamsyz bolýarlar. Guýrugy kesilmedik it mydama ýalta bolýar sebäbi burnunyň üstüni öz guýrugy bilen ýapyp ýyladýar. Burny üşemese itiň hiç bir zat bilen işi bolmaýar.Ys alyş agzasynyň işiniň güýçlendirmek üçin olary agşam garaňky gatlyşanda, irden bolsa ala daňdan iýmitlendirmek maslahat berilýär.
Halkymyz alabaýyň rowaçlyk, rysgal-döwlet, bereket getirýändigine hem berk ynanypdyr. ”It ýyly ek, doňuz ýyly or” pähimi hem muňa aýdyň subutnamadyr. Türkmen zenanlarymyz alabaýyň şekiliniň haly palas önümlerinde “Tazyguýruk”, ”It yzy”, ”It burun” ýaly nagyşlarynyň bolmagy, şeýle görnüşdäki halydyr kilimleriň gapynyň daşyndan asylmagy, işige ýazylmagy onuň sakçylygy, öýi maşgalany goraýjylygy, daşky gara güýçleri kowujylygy baradaky ynam bilen berk bagly bolupdyr.
Güljemal BAÝLYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.