Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, ýokary derejeli bilim almaklary, boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin amatly şertler döredilýär, degişli kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. Çagalaryň saglygyny goramak işini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, olary sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň çekmek ýaly möhüm meseleler hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzda çagalaryň täze bilimleri ele almaklary, dünýägaraýşyny giňeltmekleri, ukyp-başarnyklaryny açmaklary, döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, zähmete uýgunlaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredildi. Tomus möwsüminiň başlanmagy bilen bolsa mekdep okuwçylary Watanymyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda ajaýyp Gökderede, Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede dynç almak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Bu işleriň ählisi her bir çaganyň alada bilen gurşalmagyny öz içine alýan we Watanymyzyň gelejekki ösüşine mynasyp goşant goşjak, hemmetaraplaýyn bilimli, ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli ýaş nesilleriň kemala gelmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen berk baglanyşyklydyr.
Şirinjemal AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.