BILIMLI ÝAŞLAR — WATAN DAÝANJY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik işler durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän beýik işlerde halkyň bähbidini, ýurdumyzyň ösüşlerini görýäris, bularyň her biri röwşen geljegimizi üpjün edýär. Şeýle beýik işleri, ägirt uly tutumlary bilen şöhratly taryhymyzyň iň täze sahypalary ýazylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ýurdumyzda ösüşler gazanylyp, uly many-mazmuna eýedir.Şu şöhratly ýylymyzda ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty, nurana geljegi bolan ýaş nesil hakynda alada edilýär, abadan, bagtyýar durmuş üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz röwşen geljegimiz bolan ýaşlara ýüzlenip, şeýle belleýär: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaş nesilleriň bilimleri, ukyp-başarnyklary, belent maksatlary durmuşa geçirmekde berk binýatdyr. Şeýle belent ynamy ödemek täze taryhy eýýamyň belent ruhly ýaşlarynyň baş maksady bolup durýar. Munuň üçin ýaşlar halkara ülňülerine laýyklykda ylym-bilim öwrenip, dürli hünärleri ussatlyk bilen ele alýarlar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlar döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda joşgunly zähmet çekýärler, telekeçilik işinde oýlanyşykly başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýärler. Jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagyna, kämilleşmegine mynasyp goşant goşýarlar. Şeýle yhlasly zähmetiň oňyn netijeleri olaryň täze taryhy eýýamyň milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünliklere beslenmegindäki mynasyp goşantlarynda aýdyň ýüze çykýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda amala aşyrylýan işler aýratyn orun eýeleýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ýaş nesilleriň sagdyn durmuşda ýaşamagy, bilim almagy ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ýaşlar syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik kuwwatyny jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine ulanmaga mümkinçiliklerini giňeltmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýaşlar baradaky şeýle üns-alada bagtyýar nesillerimizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetde, syýasatda we medeni ulgamda alnyp barylýan döwletli işlere has-da işjeň çekmek ýaly asylly maksatlary özünde jemleýär. Watansöýüji, bilimli, giň dünýä garaýyşly ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

Ýulduz NURGELDIÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we

ösüş uniwersitetiniň mugallymy.

Meňzeş habarlar