ŞOWHUNA BESLENÝÄN “BAGTYÝAR NESIL”

Ýaz aýlary seýilgählerdäki gür baglykda saýraşýan guşlaryň jürküldileri, tomsuň gyzgalaňly günlerinde bolsa Watanymyzyň çar künjegindäki çagalaryň dynç alýan merkezlerinden eşidilýän şadyýan sesler, megerem sazandalaryň bagtyýarlyk mukamynyň notalary bolsa gerek. Elbet-de, çagalaryň şatlygy asudalygyň, bagtyýarlygyň nyşanydyr. Şol sebäpli-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kemala gelen ýaş nesil, sözüň doly manysynda, bagtly çagalardyr.

Döwletimiz Garaşsyzlygyna eýe bolaly bäri çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek, olaryň wagtlarynyň medeniýetli geçmegini gazanmak asylly däbe öwrüldi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” hem welaýatymyzyň “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi şatlykly pursatlara beslenýär. Bu ýerde dürli ýaşdaky mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilen. Çagalara tejribeli mugallymlar hem-de terbiýeçiler tarapyndan gözegçilik edilýär. Dynç alyş merkezdäki çagalary milli ruhda terbiýelemek we olaryň başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen surat, kompýuter, küşt, şaşka, düzzüm... ýaly aň ösdüriji oýunlar boýunça dürli bäsleşikler guralýar. Şeýle hem çeper eller, kitaphana, aýdym-saz,, kino, şekillendiriş sungaty we sportuň futbol, woleýbol, basketbol, tennis ugurlary boýunça dürli gurnaklar hereket edýär. Welaýatymyzyň medeni we taryhy ýadygärliklerine gezelenç çäreleri guralýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, etrap we şäher Geňeşleriniň işgärleri hem “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmek, ýatda galyjy pursatlara beslemek maksady bilen welaýat Geňeşi tarapyndan ýörite tassyklanan meýilnama esasynda gezekli-gezegine baryp, merkezde dürli bäsleşikleri, duşuşyklary, döredijilik agşamlaryny, aýdym-sazly medeni çäreleri, sport ýaryşlaryny şeýle hem gezelençleri yzygiderli guraýar.

Güneşli ýurdumyzda salkyn saýaly baglar bilen gurşalan dynç alyş merkezlerinde orta mekdeplerden gelen çagalar deň-duşlary bilen tanyşýar hem-de dostlaşýar. Dürli täze-täze oýunlary öwrenip, goşgydyr aýdymlary ýat tutýar. Mahlasy, tomusky dynç alyş möwsümi çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär.

Çagalaryň bagtyýarlygy ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY