DYNÇ ALYŞ GÜNLERINIŇ GUJAGYNDA

Bagtly çagalygyň mekany hasaplanýan meşhur Awazaň kenary her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem körpe nesillerimiziň ençemesine gujagyny giňden açdy. Bilşimiz ýaly, Awaza milli syýahatçylyk zolagy jana şypaly arassa howasy, gaýtalanmajak tebigat gözellikleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Gojaman daglar, deňiz, salkyn jülge... deý behişdi mekana öwrülen bu ýerde «Awaza»  milli syýahatçylyk zolagy dillerine sena edinen çagalar özleriniň iň bir gyzykly, ýatda galyjy pursatlaryny başdan geçirýärler. Olaryň oňaýly dynç almaklary üçin «Daýanç», «Arzuw», «Balkan», «Ahal», «Mary», «Lebap», «Daşoguz» ýaly onlarça çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Bu ýerdäki ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilen sport zallarynda, kompýuter we dynç alyş otaglarynda, kitaphanalarda, sport meýdançalarynda körpe nesiller tomusky dynç alşyň hözirini görýärler.

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, Balkan welaýatynyň PM-niň PÝGB-iniň, Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň, Balkan welaýat teleradiostudiýasynyň bilelikde guramagynda körpe nesilleriň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we täsirli geçirmek maksady bilen «Türkmenistan — bagtly çagalygyň mekany» diýen at bilen dabaraly çäre geçirildi. «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilen çärede bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Şeýle hem dabaranyň dowamynda körpe nesilleriň gatnaşmagynda bäsleşikler guraldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR