Hojaýynyň melleginde kärendesine işleýän daýhan öz ýanyndan göwün ýüwürdipdir: «menem baýlygymy az-owlak artdyrsam, ekip-bejerer ýaly özbaşdak ýer alyp bilerdim... menem durmuşymdan lezzet alyp ýaşasym gelýär. Işdäm alan tagamy iýesim gelýär, rahat jaýda ýaşap, örňäsim gelýär...». Şeýle hyýallara gark bolup barýarka, ol biriniň jar çekdirýän sesini eşidip, özüne gelipdir. Jarçy: «Indiki hepde şu melleklere ýanaşyk ýerlerden patyşa alyhezretleri geçjekdir. Hökümdaryň mübärek ýüzüni görmek isleýänler şu ýola gelip bilerler» diýipdir. Daýhan içinden pikirlenipdir: «Ine, bu meniň üçin iň gowy pursat, gökdäki dilegimiň ýerde, şu günki dilegimiň hut ertesi gowuşdygy. Patyşadan az-owlak gyzyl pul haýyş etsem, ol meniň arzuwlarymyň hasyl boljakdygynyň kepili, ol haýyşymy ret etmez, men onuň juda jomart we açyk göwünli adamdygyny kän eşitdim» diýipdir. Daýhan bir hepdeläp şeýle pikirler bilen ýaşapdyr. Ahyry aýdylan gün gelip ýetipdir. Daýhanlar hormatly hökümdary garşylamak üçin ýoluň gyrasynda, mellekleriň raýyşynda hatara düzülipdirler.
Uzakdan yzyna araba tirkelgi atlar peýda bolupdyr. Daýhan patyşanyň arabasyna golaýlapdyr we hökümdara ýüzlenip: «Hormatly şahym, hormatly şahym... meniň bir haýyşym bar» diýipdir. Patyşa arabany saklamagy buýrupdyr we daýhandan sorapdyr: «Näme arzyň bar, aýt, bakaly». Daýhan sandyrap durşuna: «Maňa ýer satyn alar ýaly az-owlak altyn pul gerek...». Patyşa ýylgyrypdyr: «Ilki sen maňa özüňden bir zat ber» diýipdir. Daýhanyň galpyldysy artypdyr, ol içinden: «Bü-ýä bir husyt hökümdar eken... men-ä mundan soraýan, olam menden soraýar...» diýip, içini gepledipdir. Ol azajyk oýurganyp duransoň, elindäki tüwi haltasyndan bir tüwi dänejigi alyp, patyşa uzadypdyr. Patyşa muňa hoşallyk bildiripdir we daýhana kelam agyz söz diýmän, atlylara ýola düşmegi buýrupdyr. Daýhan lapykeç we tukat halda öýüne dolanypdyr. Göwün eden zady göz öňüne getirişi ýaly bolmansoň, dünýeden doýgun, arzuwy namut hala düşüpdir. Öýüne gelende, bilindäki tüwi haltajygyny aýalyna uzadypdyr we arassalamagy buýrupdyr. Birdenkä aýalynyň sesi gelipdir: «Tüwüleriň arasynda arassa altyndan guýlan bir tüwi dänesini tapdym». Daýhan muňa geň galypdyr, bolan wakalary serinde aýlapdyr, soňra uludan dem alyp, gynanypdyr: «Wah, men hökümdara ähli tüwimi bermeli ekenim. Şeýdenimde, bir halta tyllam boljakdy» — diýipdir. Biziň köpimiz şu daýhan ýaly, özümizde bar zady bermäge gysylýarys we ýene-de özgelerden juda köp zady hantama bolýarys. Iň bolmanda her amala öz mukdaryndaky yhlasdyr zähmetimizi bir gysganmalyň.
Rahmet GYLYJOW