GALLA BIZIŇ BAÝLYGYMYZDYR

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşi hem-de etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Galla oragynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamakda halal zähmetlerini gaýgyrman zähmet çekýän ýaş kärendeçileriň, kombaýnçylaryň, sürüjileriň armasyny ýetirmek maksady bilen Gökdepe etrabynyň Yzgant daýhan birleşiginde «Galla biziň baýlygymyzdyr» ady bilen dabaraly çäre geçirildi.

Dabaraň geçýän ýerinde çörek we çörek önümlerinden ybarat gurnalan sergi hem dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özünde jemledi. Etrap Medeniýet bölüminiň şirin owazly bagşy sazandalarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary has-da belentden ýaňlanyp, kärendeçi ýaşlarymyzyň halal zähmete bolan höweslerini has-da artdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda öňdebaryjy ýaş kärendeçilere, kombaýnçylara, sürüjilere bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Gökdepe etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA