DAÝHANLARYŇ ARMASY ÝETIRILÝÄR

Il sylagly ýaşulularymyzyň ak patasy bilen başy başlanan galla oragy rysgal-bereketli Saýat etrabymyzda hem gyzgalaňly alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän işleriň ilerlemegi, döwlete tabşyrylýan hasyl üçin höweslendiriş çäreleriniň ýola goýulmagy, halal zähmet çekmek üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi kärendeçi ýaşlaryň göwünlerini göterip, olary täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Çünki, gallaçylaryň zähmetinden türkmeniň rysgaly artyp, desterhanlarymyz mele-myssyk çörekden we çörek önümlerinden dolýar. Gallaçylaryň il-halk bähbitli asylly maksady diňe bir oba hojalyk ulgamynyň işgärlerini däl, eýsem, her bir adamy ýürekden begendirýär.

Etrabymyzda däne oragyny guramaçylykly geçirmekde ýörite iş meýilnamasy düzülip, işçi toparlar döredildi. Daýhanlaryň çyn hossary bolan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň daşary döwletlerden satyn alyp beren kuwwatly kombaýnlary orak möwsüminde gije-gündiziň dowamynda guramaçylykly işläp, hasyly isripsiz ýygnamak işi guramaçylykly berjaý edilýär. Ýygnanan hasyly galla kabul ediş nokatlaryna daşamakda sürüjileriň ýadawsyz we uly yhlas bilen işleýändigini belläp geçmek gerek. Oraga işjeň gatnaşýan däne orujy kombaýnlaryň, mehanizatorlaryň, ýygnalan hasyly daşaýan awtoulaglara erk edýän sürüjileriň arasynda ýaşlar guramasynyň agzalarynyň köpdügi diýseň guwandyrýar.

Ýaşlar guramasynyň agzalary galla oragynda daýhanyň ýakyn ýardamçysy bolup, hasyl eýeleriniň armasyny ýetirmegi baş maksada öwürdiler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi hem etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň galla oragyny guramaçylykly geçirmek barada aýdanlaryndan ruhlanyp, etrabymyzyň bol galla hasylyny ýetişdiren ýaş kärendeçileriň, kuwwatly däne ýygyjy kombaýnlaryny bökdençsiz işledýän ýaş kombaýnçylaryň, şu ýylyň bereketli hasylyny ammarlara ýitgisiz çekýän ýaş sürüjileriň arasynda «Iň köp bugdaý hasylyny ýetişdiren kärendeçi», «Iň köp bugdaý ýygnan kombaýnçy», «Iň köp bugdaý daşan sürüji» atly bäsleşikleri yglan edip, her on günüň jemi jemlenip, ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary gowşurýar.

Arkadagly Serdarymyzyň ýer eýesine, daýhana berýän goltgy-hemaýatlaryndan ruhlanýan gallaçylarymyzyň ümzügi barha öňe. Muňa etrabymyzyň ähli daýhan birleşikleriniň daýhanlarynyň galla oragyna öz wagtynda we ýokary taýýarlykly girişendigi hem güwädir. Türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

 

Nursoltan MAKSUDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 111 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 85 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 82 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR