Häzirki tomus paslynda çagalaryň sapaly dynç alyşy dowam edýär. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ýurdumyzda körpe nesilleriň dynç alyş günleriniň peýdaly, şatlykly geçmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okaýan bagtyýar çagalar ýene-de bir okuw ýylyny tamamlap, nobatdaky tomusky dynç alşyna çykdylar. Özboluşly tebigy aýratynlyklary, ýakymly howa gurşawy bilen tapawutlanýan dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalar wagtlaryny şadyýan hem täsirli geçirýärler.
Her ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Gökdere jülgesinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde körpeleriň tomus möwsümindäki dynç alyş günlerini gyzykly hem manyly geçirmegi üçin döwrüň ösen talabyna laýyk işler ýola goýulýar. Şol işleriň çäklerinde Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sport — saglygyň açary» ady bilen sportuň tanap çekmek, uzak aralyga ylgamak boýunça bäsleşik geçirildi. Onda çagalar özara bäsleşip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler we ýeňişli orunlara mynasyp boldylar. Ýeňiji bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ogulgurban SAPARDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.