DILIM BAR — DÜNÝÄM BAR

Dil—aragatnaşyk serişdesi, halkyň iň gymmatly ruhy baýlygy. Dil — adamzada berlen peşgeş. Häzirki wagtda Ýer ýüzünde müňlerçe dil bar. Dil jemgyýetiň intellektual we medeni gymmatlyklarynyň hazynasy hasaplanylýar. Ol aragatnaşyk serişdesi hökmünde ulanylýar. Halkyň arasyndaky «Dilim bar — dünýäm bar», «Dil baýlygy — il baýlygy», «Dil bilen dünýäni gezer» ýaly birnäçe ajaýyp jümleler hem muňa şaýatlyk edýär. Dil ynsanyň dünýägaraýşy, pikirlenişi bilen berk baglanyşyklydyr. Ynsan näçe köp dil bilse, şonça-da onuň dünýägaraýşy giňeýär. Dünýägaraýşyň näçe giň bolsa, şonça-da ýaşaýyş ýeňilleşýär. Şonuň üçin hem dil bilmegi kämillik bilen deňeýärler. Şu nukdaýnazardan daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlary taýýarlamakda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara saýlap alan hünärleri boýunça rus we iňlis dilleri öwredilýär. Institutymyzda daşary ýurt dilleriniň ençemesi boýunça ýörite hünärmenler, terjimeçiler taýýarlanylýar.Hünäre höwesli ýaşlaryň daşary ýurt dillerini oňat öwrenmegi barada uly aladalar edilýär, daşary ýurt dilleri esasan, interaktiw usulda öwredilýär. Şeýle hem terjimeli sözlüklere, ylmy kitaplara köp üns berilýär. Munuň özi dilçi alymlaryň ylmy garaýyşlaryny öwrenmäge, ýaş nesilleriň dünýägaraýşynyň ösmegine oňat ýardam edýär.

Dünýä dillerini suwara bilýän ýörite hünärmenleriň taýýarlanmagy bilen terjimeçilik işi hem ösdürilýär, barha kämilleşýär.Hünärmenleriň kämilligi netijesinde ylmy eserler hem, çeper edebiýatlar hem ene dilimize terjime edilýär. Nusgawy edebiýatymyzyň eserleri dünýä okyjylaryna ýetirilýär. Şonuň üçin her bir dil boýunça hünärmenler, ýagny mugallymlar, terjimeçiler bar. Terjimäniň esasy wezipesi aýdyljak bolýan pikiriň mazmunyny, manysyny düşnükli edip halk köpçüligine ýetirmekden ybarat. Terjimeçilik ugrunda zähmet çekýän adamlaryň kömegi bilen dürli halklaryň medeniýeti, sungaty, taryhy bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döreýär. Terjimäniň bir halkyň ruhy baýlygynyň beýleki halklaryň bu ugurda ýeten sepgitleriniň hasabyna baýlaşmagyna ýardam edýändigi hem aýdyňdyr. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaşlara dünýä halklarynyň dilleri öwredilýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde terjimeçileri, dilçileri taýýarlamak işi üstünlikli alnyp barylýar. Daşary ýurt dilini okatmak boýunça täze tehnologiýalar okuw işinde giňden ulanylýar hem-de yzygiderli kämilleşdirilýär. Bularyň hemmesi hem ýaş hünärmenleriň, kämil terjimeçileriň kemala gelmeginde giň mümkinçilikleri döredýär.

 

Arslan MUHAMMETDURDYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar