TOMUSKY DYNÇ ALYŞDAKY ÇAGALARA PEÝDALY WE GYZYKLY OÝUNLAR

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Çagalaryň köpüsi wagtyny şadyýan we manyly geçirmek üçin dynç alyş merkezlerinde bolup, medeniýetli dynç alýarlar. Bu ýerde olar täze dostlary tapynýarlar, dürli oýundyr güýmenjelere meşgul bolýarlar. Dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň guraýan çäreleri çagalaryň döredijilik bilen meşgullanmagynyň iň gowy usulydyr. Gyzykly çäreleriň dowamynda çagalar topar bolup işlemegi we her bir işde birek-biregi goldamagy öwrenýärler. Diňe dynç alyş merkezlerinde däl, islendik ýerde ýerine ýetirip bolýan dürli oýunlaryň we güýmenjeleriň käbirini körpe okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Açyk meýdanda «Söz» oýny. Bu oýun krossworda çalym edýär. Kagyza çap edilen krossworddan tapawutlylykda, çagalar bu oýunda uly harplar bilen sözleri özleri düzýärler. Oýnuň açyk meýdanda guralmagy çagalaryň tebigata bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Bu oýun körpejeleriň pikirleniş ukybyny ösdürip, olara täze sözleri öwrenmäge ýardam edýär.

«Ýeňiş gazanmak üçin bir minut» oýny. Çagalar üçin bir minutlyk oýunlar köpdür. Şeýle oýunlara gatnaşyjylara çalasynlygy, çakganlygy talap edýän dürli ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin bir minut wagt berilýär. Bir minudyň dowamynda şerti dogry berjaý eden gatnaşyjy ýeňiji bolýar. Bu oýun çagalaryň işjeňligini artdyryp, wagty dogry sarp etmegi öwredýär.

«Sungat we senetçilik» oýny. Çagalar elmydama gyzykly güýmenjeleriň gözleginde. Sungat we senetçilik bolsa olary güýmemegiň ajaýyp usulydyr. Olar kagyzdan, matadan, plastilinden we beýleki önümlerden dürli görnüşli şekilleri, enjamlary ýasamak bilen, özleriniň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirýärler. Şeýle oýunlar çaganyň ýatkeşligini hem ösdürýär.

«Çagalaryň kiçi olimpiadasy» oýny. Çagalary tolgundyrmagyň ajaýyp usuly — olar üçin kiçi sport ýaryşlaryny guramakdyr. Bu çäre ylgaw, tigir sürmek we hatda estafeta ýaryşyny hem öz içine alyp biler. Sport oýunlary çagalaryň immunitetini ýokarlandyryp, olary ýeňişli ädimlere hyjuwlandyrýar.

«Iň gowy tomus» oýny. Welosiped — islendik çaganyň iň gowy görýän ulagy bolsa gerek. Şeýle-de ol tomus möwsümindäki oýunlaryň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Çagalara welosiped sürmek örän peýdalydyr. Ýaşlykdan bu ulaga höweslense, çaga sagdyn ulalar.

«Dostluk bilezikleri» oýny. Elde ýasalan zatlar çagalar üçin hemişe özüne çekijidir. Çagalar özbaşdak pikirlenip, dürli hili bilezikleri ýasamak bilen meşgullanyp bilerler. Bilezik ýasamak körpejeler üçin gyzykly pursatdyr. Öz ýasan bilezigini dostuna ýa-da jorasyna sowgat beren çaganyň kalbyny begenç, şatlyk duýgulary gurşap alýar.

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR