ÝAŞLAR — WATANYŇ BUÝSANJY

Ýakynda Süleýman Demirel adyndaky Tejen pagta egirme fabriginde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda «Ýaşlar — Watanyň buýsanjy» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk ýaşlaryň syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny düşündirmek, olarda Watanymyza we şöhratly taryhymyza söýgini artdyrmak, belent ruhy-ahlak ýörelgelerini emele getirmek, şeýle hem ýaşlary döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen geçirildi. Duşuşykda hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Täsirli geçen duşuşykda Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaş nesliň kämil bilim almagyna, döretmegine, zähmet çekmegine döredilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän ynamyna eýerip, gözümiziň göreji, başymyzyň täji bolan ajaýyp ýurdumyzyň ykdysady we medeni kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin hemişe ynamly zähmet çekmeklige çagyrdylar. Duşuşygyň ahyrynda, şeýle mümkinçilikleri döredip, ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

 

Ogulsenem ÇALOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Öňki makala

GARPYZ HAKYNDA

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA