DOSTLUK KENARYNDA ÝAŇLANAN OWAZLAR

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Hazaryň türkmen kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwaly çuňňur mazmuny, möhüm ähmiýeti bilen ýatda galdy. Ilkinji nobatda, bu halkara derejeli medeni çäre halkymyzyň geçmiş taryhyny, ruhy-medeni mirasyny gorap saklamak, ylmy taýdan içgin öwrenip, ony dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny tutan beýik tutumlarynyň Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da rowaçlanýandygyny ýedi yklyma ýaýdy.

Şunuň ýaly ynsanperwer çäreleriň ýurdumyzda geçirilmeginiň asylly ýörelgeleriň birine öwrülmeginiň özeninde hem uly many bar. Sebäbi, şeýle çäreler berkarar Watanymyzyň baky Bitaraplyk hukuk derejesiniň belent maksatlaryna hemişe ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Medeniýet we sungat bolsa her bir halkyň kämil durmuş ýol-ýörelgelerini, milli däp-dessurlaryny, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Halkara medeni gatnaşyklar bolsa ynsan kalbynda dost-doganlyga, abadan, parahat durmuşa bolan söýgini ösdürýär. Şeýle mizemez hakykatdan ugur alýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkidilmeginde hem-de gülläp ösüşini üpjün etmekde medeniýetiň, sungatyň mümkinçiliklerini netijeli herekete girizýär. Arkadagly Serdarymyzyň aýratyn nygtap belleýşi ýaly, «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň esasy maksady hem dünýä halklarynyň parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine bolan hormat-sarpasyny has-da belende götermekden, özara medeni gatnaşyklaryň binýadyny berkitmekden, halklaryň ruhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakdan ybaratdyr.

Halkara derejeli forumyň güneşli Diýarymyzyň ylmyň hem-de medeniýetiň merkezi hökmünde dünýäde gazanan abraý-mertebesini has-da ýokarlandyrjakdygyny aýratyn bellemek gerek. Sebäbi «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň geçirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň kämil jemgyýeti gurmak, şu günki hem-de geljekki nesillerimiziň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak, dünýä halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek, medeni ulgamlarda tejribeleri alyşmak ýaly beýik maksat-tutumlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy aýap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek, olary ylmy taýdan has düýpli öwrenmek arkaly dünýä ýaýmak täze taryhy eýýamyň ynsanperwer döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Hazaryň türkmen kenaryny — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny halkara derejeli toý-baýramyň şatlyk-şowhunyna beslän halkara tans we folklor festiwaly şeýle buýsançly hakykatyň subutnamasy bolup dünýä ýaň salýar.

Şol bir wagtda, halkara festiwaly dünýä döwletleriniň medeniýet we sungat wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürmekde, baýlaşdyrmakda, özara tejribeler alyşmakda, medeniýetleriň ýakynlaşmagynda möhüm ähmiýetlidir. Halkara tans we folklor festiwalynyň çäklerinde Hazar deňziniň kenaryndaky interaktiw suw çüwdürimli seýilgähdäki uly sahnada guralan ýurdumyzyň hem-de festiwala gatnaşýan daşary ýurtly tans we folklor toparlarynyň bilelikdäki konserti, «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty, daşary ýurtly tans goýujylaryň türkmen kärdeşleri bilen bolan döredijilik duşuşygy hem-de ussatlyk sapaklary muny tassyklaýar. 

Umuman aýdanyňda, ýokar guramaçylyga, ýakymly pursatlara beslenen «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň göwünleri joşa getiren dürli çärelerini synlan her bir ynsan halkymyzyň kämil medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň dost-doganlygy, ynsanperwerligi ündeýän egsilmez hazynadygyna ýene bir ýola göz ýetirendirler. Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiziň durmuş tejribesi esasynda kemala gelen milli medeniýetimiz hem-de durmuş ýörelgelerimizdir dessurlarymyz döwürleriň hem-de nesilleriň arasyndaky sazlaşygy üpjün edýän mizemez nusgadyr. Hut şonuň üçin hem bu ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy döwrüň talaplaryna laýyklykda düýpli ösdürmäge, halkymyzyň umumadamzat gymmatlyklar hazynasynyň möhüm bölegi bolan milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmaga, geljekgi nesillere ýetirmäge döwlet derejesinde uly üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna aýdylýan egsilmez alkyş sözleri biziň her birimiziň dillerimiziň senasyna öwrülýär.

 

Guwanç ÇENDIROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR