SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERI ÜNDELDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň şäher häkimligi hem-de hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde guramagynda Baýramaly şypahanasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 7-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen «Sagdyn durmuş ýörelgesi — Arkadagly Serdaryň göreldesi» atly terbiýeçilik ähmiýetli maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şäher halk maslahatynyň agzalary, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahat duşuşygynda çagyrylan myhmanlar çykyş edip, olar çykyşlarynda eziz Watanymyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde zyýanly endiklerden daşda durmak ugrunda göreşiň giňden ýaýbaňlandyrylýandygy dogrusynda bellediler. Şonuň bilen bir hatarda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmaga gönükdirilýän bu wajyp meselede bitirilýän işleriň, gazanylýan üstünlikleriň, halkymyz bilen bir hatarda ýaşlarda hoşallyk duýgusyny döredýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin irginsiz aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Baýramgeldi GAÝYPOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Baýramaly şäher

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 1 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK

26 Iýun 2025 | 1 okalan

SPORT — SAGLYGYŇ GIREWIDIR

24 Iýun 2025 | 505 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI