Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, bu ulgamda beýleki ýurtlar, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge, gadymyýetden gözbaşly, baý milli medeniýetimizi we sungatymyzy wagyz etmäge, dünýä ýaýmaga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi halkymyzyň kalbyna deňelýän medeniýetimiziň we köptaraply sungatymyzyň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny, dünýä medeniýetine hem-de sungatyna saldamly goşandynyň bardygyny görkezýär. Şu nukdaýnazardan bu günki gün kämil derejä ýeten, halkara möçberinde meşhurlygy barha artýan, hatda bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolan milli medeniýetimizi we sungatymyzy wagyz etmek boýunça giň gerimli, köptaraply işler alnyp barylýar. Şunda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň dabaraly bellenilmeginiň, Türkmenistanyň beýleki ýurtlarda geçirilýän Medeniýet günleriniň, halkara medeni forumlaryň, şeýle hem ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň ähmiýeti örän uludyr.
Eziz Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrýan bu sungat baýramy — Medeniýet hepdeligi barada hormatly Prezidentimiz şeý le belleýär: «Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza serpaý beren bu sungat baýramy medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ganatlandyrýar, täze, kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýar».
Gowy başlangyçlar, ýagşy işler halk tarapyndan oňlanylanda, goldanylanda ol oňyn ýörelgä, asylly däbe öwrülýär. Biz muňa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilip başlanan we şu ýyl indi on birinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň welaýatlarynyň her birinde hem-de Aşgabat şäherinde nobatma-nobat geçirilýär. 2022-nji ýylda onuň Mary welaýatynda geçirilendigi, şu ýyl bolsa bu medeni forumyň paýtagtymyzda geçiriljekdigi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen geçirilýän Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärlerini bir asylly maksadyň töwereginde jemlän hem-de oňa ýetmegiň ýolunda netijeli işleri amala aşyrýan medeniýet we sungat işgärleri üçin özboluşly döredijilik hasabatydyr. Medeniýet hepdeliginiň meýilnamasy dürli çärelere baý bolmak bilen, diňe bir oňa gatnaşýanlara däl, eýsem, ähli halkymyza medeniýet we sungat işgärleriniň iş-aladalary, döredijilik gözlegleri, gazanýan üstünlikleri bilen tanyşmaga, taryhymyzy öwrenmek, kitaphana, neşirýat işleri boýunça alnyp barylýan köptaraply döredijilik gözleglere göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Şu ýerde ýene-de bir zady bellemek zerur bolup durýar, ol hem bolsa her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeligine teatr işgärleriniň täze sahna eserleri bilen gelýändikleridir. Tomaşaçylaryň şeýle ruhy-medeni serpaýy şu gezekki Medeniýet hepdeliginde hem aljakdyklaryna ynanýarys. Şu nukdaýnazardan alanymyzda, Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň her biri ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň alyp barýan işlerini kämilleşdirmekde, sungat ussatlarynyň özara tejribe alyşmaklarynda, ilatyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda, bu ulgamdaky ösüşlerimizi wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Mälim bolşy ýaly , hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, nobatdaky, ýagny şu ýylky Medeniýet hepdeli gini 2023-nji ýylyň 2 2 — 27-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde geçirmek bellenildi. Bu babatdaky Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, agzybir halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen kabul edildi. Ilki bilen, Aşgabat şäherinde geçiriljek Medeniýet hepdeligine diňe bir paýtagtymyzdan däl, eýsem, ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň gatnaşjakdygyny, şeýle hem bu medeni forumyň meýilnamasynda dürli çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek. Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy uly dabaralara, ruhubelentlige beslener. Şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyrylar.
Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde muzeý hünärmenleriniň iş maslahaty, usulyýet okuwlary, täze operanyň ilkinji görkezilişi, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti, körpe nesilleriň baýramçylyk çykyşlary, döredijilik maslahaty, media forum we beýleki çäreler guralar.
Ýurdumyzda halkymyzyň durmuş abadançylygyny we bagtyýarlygyny dabaralandyrýan toýlar toýa ulaşýar, toý-baýramlar goşa-goşadan toýlanýar. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň baýramy bolan Medeniýet hepdeligi hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe utgaşyp jemlener. Munuň özi halkymyzyň toýunyň toýlara ulaşýandygyny, şol sanda medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň bagtyýar durmuşymyza buýsanjyny aýdyň beýan edýär. Gadymdan gelýän milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde, dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Ogulgurban REJEPOWA,
«Mugallymlar gazeti».