Sahawatly türkmen topragyna Gurban baýramy ýetip geldi. Gadymdan gelýän bu baýram adamlaryň köňlüni päkläp, ýagşylyga çagyrýar. Ynsanlaryň kalplarynyň tämizligini hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan Gurban baýramyny türkmen halky agzybirlikde belleýär. Döwürleriň özgerýändigine we ýaşaýyş-durmuşymyza täze ösüşleriň ornaşýandygyna garamazdan, halkymyzyň öňden dowam edip gelýän, jemgyýete bähbitli däp-dessurlary ýatdan çykarylmaýar. Bagtyýar döwrümizde guş-gursak dänäniň unundan bişirilen gatlama, ýagly petir, çelpek, maýaly petir, pişme, owmaç, mesge-petir ýaly dürli nygmatlary hem-de palow, dograma, ýarma, çekdirme, gowurma ýaly milli tagamlar datly desterhanlar giňden ýazylyp, gelen märekä hödür edilýär.
Ata-babalarymyz Gurban baýramynda edilen isleg-arzuwlaryň, ýürege düwlen päk niýetleriň hasyl bolýandygyny aýdýarlar. Bu baýramda täze egin-eşikleri geýip, özüňe serenjam bermek hem halkymyzyň iň asylly häsiýetleriniň biri bolup durýar.
Türkmenistan döwletimizde bellenilýän milli baýramlarymyzyň çaga terbiýesinde hem ähmiýeti örän uludyr. Zähmetsöýerlik, birsözlilik, wepalylyk, adamkärçilik, päklik ýaly milli häsiýetleriň gymmaty uludyr.
Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň baş hünärmeni.