TÄSIRLI GEZELENÇ

TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşi «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny has-da täsirli geçirmekleri üçin welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine «Geçmişi we geljegi beýik Watanyň» atly gezelenç gurady. Gezelençde çagalar hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzda alyp barýan il bähbitli işleri, gurulýan ajaýyp desgalar we durmuş ähmiýetli binalar dogrusynda söhbet açýan suratlar, maglumatlar, ýazgylar, taryhy çeşmeler, arheologik tapyndylar, eksponatlar, foto suratlar bilen giňişleýin tanyşdylar. Çagalar türk men hal kynyň şöhratly geçmişi we häzirki şanly günleri barada özlerine gerekli maglumatlary aldylar. Gezelenjiň dowamynda ýaş nesliň okamagy, döretmegi, gurmagy babatdaky taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdyldy.

Çynar MÄMEDOWA,

 TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň

 guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 9 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 76 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY