Adam ykballary... Men bu hakynda kän oýlanýaryn. Şonda dogry görüm-göreldäniň, dogry terbiýäniň, kämil ýol-ýörelgäniň adam ykballaryna täsiri barada pikir edýärin. Ata-babalarymyz bu babatda beýik nusgalary goýup gidipdirler. Olaryň müňlerçe ýyllyk tejribesi, ynsan terbiýesi we ynsanyň kämil adam bolmagy baradaky garaýyşlary esasynda dörän nakyllarda hem bu barada örän aýdyň beýan edilýär. «Ýagşy ene ýagşy gyza görelde», «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Ergeneksiz eklenen, terbiýesiz saklanan», «Enesini gör, gyzyny al, gyrasyny gör, bizini al», «Ata ogly ata çeker», «Atany söýen Watany söýer», «Ata gören ýol keser, ene gören don keser», «Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar, eneden nesihat alan gyz keýwany bolar», «Ata alkyşy — altyn», «Ataň barka, dost gazan, atyň barka — ýol», «Ata kesbi ogla halal», «Enem-atam şirin dilli ussadym», «Ene-atany horlanyň dony otdan bolarmyş», «Halypasyz ussa bolmaz, tagsyrsyz — molla», «Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter», «Hünärli ýigit — miweli agaç»... Görnüşi ýaly, şu hili atalar sözlerinde ajaýyp gylyk-häsiýetli, gowy terbiýeli, hünärli bolmak, käriňde kämilleşmek, ýoluňy dogry saýlamak bilen baglanyşykly durmuş kanunlary her taraplaýyn düşündirilýär. Şunda ene-atanyň ornuna, halypanyň ornuna ullakan ähmiýet berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň "Ömrümiň manysy" atly eserinden.