Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

MUŞAGYRA

Muşagyra – şygyr aýdyşma, şygyr aýdyşmada ýaryşma, bir temada birnäçe şahyryň şygyr düzüp, beýleki şahyryň şony dowam etdirmegi.

Muşagyranyň başga bir zamanabap görnüşi hem bar. Onda bir tarap bir bent (beýt) şygyr okaýar. Ikinji tarapyň şoňa jogap hökmünde okaýan şygry bolsa, birinji tarapyň okan şygrynyň iň soňky harpy bilen başlanýar. Munda dürli şahyryň dürli bentlerinden peýdalanmak bolýar. Biz Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan muşagyra taýýarlap, mysal hökmünde getirmek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň doglan senesiniň 300 ýyllygynyň öňüsyrasynda edebi çärelerde kärdeşlerimize peýdasy deger diýen tamamyz bar. Ine, olaryň käbiri:

 

Agsagyň elinden alsaň agajyn,

Ýaman derde düşer, tapmaz alajyn,

Bir güýçli duşmana duşsa mekejin,

Jojugyny gizlemeýen bolarmy?

 

Ymamsyz galandyr mesjit, mährabym,

Dogmady nur saçyp, ol mahy-tabym,

Ýowuz galdym, sil alypdyr etrapym,

Köňlümiň ummany – Azadym kany?

 

Yzzat, hormat, syn etmegin

Görüm görülmegen ýerde,

Akyl bolsaň, söz aýtmagyn

Nobat berilmegen ýerde.

 

Eý ýaranlar, ömrümden

Geçdi diýip, aglar men.

Gitdi aklym ornundan,

Çaşdy diýip, aglar men.

 

Ne watan galar, ne çeten,

Senemler seýl edip öten,

Toty, bilbil mesgen tutan,

Howaly baglar görüner.

 

Rumda, Gypjakda, Çyn-Maçynda,

Zumaýyl ornunda, arşyň içinde,

Galam degresinde, pelek burçunda,

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?...

 

Döwletmyrat SADYKOW,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyn44-nji orta

mekdebiniň ýokary derejeli türkmen dili we edebiýaty mugallymy,

Türkmenistanyň ussat mugallymy.

Meňzeş habarlar