ARKADAG ŞÄHERI — AKYLLY ŞÄHER

Bu günki gün gözbaşyny gojaman taryhyň gatlaryndan alyp gaýdýan gadymy halkymyz  bagtyýar gelejegi nazarlap, barha öňe barýar. Il-halkynyň asuda-abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda tutanýerlilik bilen yhlasly zähmet çekýän Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda Watanymyzda alnyp barylýan hem-de durmuşa ornaşdyrylýan ägirt uly işler mähriban halkymyzy eşretli ertirlere tarap alyp barýar. Watanymyzyň ähli taraplaýyn ösüşine, eziz Diýarymyzda alnyp barylýan içerki we daşarky syýasatlara mynasyp derejede saldamly goşant goşýan türkmen ýaşlary bu günki gün uly işleri alyp barýarlar. Elbetde geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelerde edilýän çykyşlar hem her bir ynsan üçin uly täsir galdyrýar. Arkadag şäherini halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrlyp halkymyza mynasyp derejede ulanylmaga mümkinçilik berilýär. Bu şäherde häzirki zaman internet ulgamynyň serişdeleriniň hereket etmegi ýola goýulypdyr. Munuň özi döwrebap aragatnaşyk ulgamynyň kämil derejesiniň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny şertlendirýär. Döwrebap tehnologiýalaryň işe girizilmegi, edaralara we ýaşaýyş jaýlaryndaky her bir öýde ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bulardan başgada, ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemek maksady bilen, 3G we ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän 4G enjamlar toplumynyň gurnalmagy bularyň üstüni ýetirýär. Gurulýan desgalarda «akylly» şäher we «akylly» öý hyzmatlaryndan uzak aralykdan peýdalanmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologiýasy işe girizilipdir. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän döwrebap ýolyşyklar, agyz suwunyň, tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýji ulgamlar gurulypdyr. Arkadag şäherindäki «akylly» ýolyşyk gije-gündiziň dowamynda ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginde, jemgyýetçilik ýerlerinde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmekde ýüze çykan hadysa boýunça dessin degişli işleri geçirmek, ol barada degişli gulluklara habar bermek, maglumatlary ýygnamak, «akylly» wideogözegçilik ulgamy çatryklarda ýagdaýy hakyky wagtda seljerer ýaly awtoulaglaryň hereketiniň köplüginiň derejesini kesgitlemek we merkezi dolandyryşa maglumat ibermek maksady bilen ýola goýulupdyr. Şeýle hem Arkadag şäherinde «ýaşyl» tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylýandygy, elektrobuslaryň, elektromobilleriň hereket etjekdigi, awtoulaglar üçin niýetlenen «akylly» awtoduralgalaryň peýda boljakdygy hemmelerde uly gyzyklanma döredýär. Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde gurlan Arkadag şäheri ýurdumyzyň taryhyndaky iň iri gurluşyk taslamasydyr. Ägirt uly giňişligi eýeleýän täze şäheriň sebitde, hatda dünýäde-de deňi-taýy ýokdur. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky alyp barýan işleriniň ajaýyp beýanydyr. Şeýlelikde, häzirki zaman şäher gurluşygynyň dünýä we milli tejribesini özüne siňdirýän Arkadag şäheri gözelligiň hem-de döwrebaplygyň şäherine öwrüldi.  

 

Güljeren NURLAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

 Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI