Kubrawiýa mekdebiniň şöhratly ýoly
Nejmeddin Kubra öz döwrüniň beýik piri, ussat ulamasy we alymy bolupdyr. Onuň şägirtleri sopuçylyk ylmynda beýik derejelere ýetipdirler. Sopuçylyk daragty «Şeýhul welitaraş», ýagny «Welileri ýetişdirýän şeýh» tahallasuna eýe bolan beýik pir Nejmeddin Kubra bolýan bolsa, onuň şägirtleri beýik daragtyň şahalarydyr. Şunlukda, ulama ussadyň şägirtleri Nejmeddin Kubranyň taglymatyny dünýä ýaýypdyrlar we Kubrawiýa mekdebini döredipdirler. Bu mekdep dünýä belli bolan sopuçylyk mekdebine öwrülip, ussat piriň elinde tälim alan talyplary tarapyndan öňe sürülipdir.
Şeýle şahalaryň biri piriň müridi — Seýfeddin Baharzi bolupdyr. Ol Buharada Kubrawiýa mekdebini esaslandyryp, ýüzlerçe okuwçylary ýetişdirip, dana taglymatyň dünýä ýaýramagynda uly işleri bitiripdir. Onuň at-abraýy dünýä ýaýrap, şeýh derejesine göterilip, «Şeýhi alam», ýagny «Bütin dünýäniň şeýhi» diýen belent derejesini alypdyr. Taryhy maglumatlara görä, beýik şeýhiň mekdebinde Altyn Ordanyň bäşinji hökümdary Berke han kämil derejä ýetip, yslam dinini kabul edipdir.
Kubrawiýa mekdebiniň esaslandyrylmagynda ussat şeýh Sadeddin Hamawynyň hyzmatlaryna möhüm orun degişlidir. Ol Horasanyň Bahrabat şäherinde sopuçylyk taglymatlaryndan tälim berip, ussatlyk mekdebiniň derejesini ýokary derejelere galdyrypdyr. Onuň ogly Sadreddin Ybraýymyň tagallalary bilen, 1252-nji ýylda Ilhanylar döwletiniň hökümdary Gazan han yslam dinini kabul edipdir. Munuň özi, bu taglymatyň üsti bilen, yslam dinini kabul etmekde hökümdarlara hem täsiriniň uly bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Sopuçylyk taglymatynda dana akyldar Möwlana Jelaleddin Rumynyň hyzmatlary aýratyn bellärliklidir. Onuň esaslandyran «Möwlewi» mekdebi Kubrawiýa mekdebiniň taglymatlaryna esaslanyp, iş alyp barypdyr. Çünki akyldar Rumynyň kakasy, öz döwrüniň «Soltanul ulama», ýagny «Alymlaryň soltany» derejesine eýe bolan Bahaweddin Muhammet Welet Nejmeddin Kubranyň elinde tälim alypdyr. Rumynyň halypa mugallymy Seýit Burhaneddin Muhakkyk Termezi bolsa kakasynyň müridi bolupdyr. Rumynyň ýene-de bir halypa mugallymy Şemseddin Muhammet Töwrizi beýik piriň şägirdi bolan Baba Kemal Hojandydan tälim alypdyr. Şulardan görnüşi ýaly, Rumynyň dünýä çykaran «Möwlewi» mekdebi beýik daragtyň möhüm şahasy bolupdyr.
Köneürgençde biten sopuçylyk daragty Nejmeddin Kubranyň yhlasy bilen kemala gelipdir. Beýik piriň şägirtleriniň bimöçber uly hyzmatlary bilen, daragtyň şahalary dünýäniň çar tarapyna uzapdyr. Kubrawiýa taglymaty dünýä ylmynyň genji-hazynasydyr.
Gurbanmyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç
etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.