Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan

Ata-babalarymyzyň «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýen nakylynda tükeniksiz many bar. Häzirki döwürde bu nakylyň ähmiýeti has-da ýiti duýulýar. Çünki ata-babalarymyzyň türkmençilik ýörelgelerine, durmuşynyň ýazylmadyk kadalaryna ygrarly il-halkymyzyň ýaşaýyş medeniýeti halklaryň bitewi ykbalyny döredýän adamkärçilik kadalarynyň binýadynda ösdi we özgerdi. Men durmuşyň manysy barada söz açanymda, ony adamzadyň öz geljegine galdyrjak gymmatlyklary bilen bilelikde göz öňüne getirýärin. Ata-babalarymyzyň bize miras goýan gymmatly edep-terbiýe, durmuş mekdebiniň ähli ynsana mahsus gelýän ýörelgeleriniň manysy örän çuňdur. Oňa näçe içgin aralaşdygyňça, bu ýörelgeleriň adamzadyň geljegi babatda alnanda hem gymmatynyň artýandygyny duýmak bolýar.

Durmuş tejribesi adama köp zady öwredýär. Öwreneniňi öwretmegiň ýoly bolsa görlen zatlaryň täsiri, geçilen ýollaryň tejribesi hem-de netijesi hakda kitap ýazmakdyr. Şundan ugur alnyp ýazylan kitap — «Ömrümiň manysynyň dowamaty» siziň eliňizde. Men bu kitabymda hem öwrenen we özleşdiren zatlarym, ylham badalgasy, ynsany öňe ilerledýän sebäpler, dünýä hem-de durmuşa bolan garaýyşlarym we geljegi görüşlerim — «Men geljegi nähili göz öňüne getirýärin?» diýen sowala jogaplarym barada ozal eden söhbetlerimizi dowam etdirmegi makul bildim. Pikirlerimi halkym bilen paýlaşasym geldi. Sebäbi meniň, asla hiç birimiziňem halkdan aýry ykbalymyz ýok. Barlygymyzam, bakylygymyzam, beýikligimizem, bitewüligimizem şu Watanymyz, halkymyz bilen bagly. Öňümizde bu mukaddes Watanyň has abadan geljegi üçin bilelikde, birlikde — agzybirlikde geçmeli ýollarymyz, külterlemeli menzillerimiz, dowam etmeli döwlet dessurlarymyz bar. Şolar baradaky pikirlerimi «Ömrümiň manysynyň dowamaty» hakyndaky oýlanmalarymda beýan etdim.

Men kitaplarymyň taslamasyny köp wagtlap gursagymda göterýärin. Aýtmak isleýän zatlarymyň many-maňzyny, mazmunyny akyl eleginden geçirip, durmuş tejribesiniň sapaklary bilen deňeşdirip görýärin. Atamyň pähim-paýhasynyň miwesi bolan ýazgylaryndaky pikirlerini, kakam pahyryň beren öwüt-ündewlerini ýatlaýaryn. Diňe şondan soň pikirlerimi kagyz ýüzüne geçirýärin.

Atamdan miras galan «Akyl sandyklary», kakam Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk pedagogik garaýyşlary, maňa beren terbiýesi, durmuşdan görüp öwrenen zatlarym, toplan tejribelerim, belläp alan sözlerim, esasan-da, beýik halkyma, eziz türkmen nesline bolan mizemez söýgim bu kitaby ýazmakda ýardam berdi. Kitaby okaýan mahalyňyz siziň bilen pikir alyşmaga jany-teni bilen höwesek, öz garaýyşlaryny paýlaşmaga döwtalap awtoryň hut ýanyňyzdadygyny duýuň! Men hut şol wagt ol ýerde bolmasamam, siz hakdaky pikirlerim bilen siziň her biriňiziň ýanyňyzdadyryn.

Kitap ömrüňe many çaýýan iň bereketli desterhan ýalydyr. Paýhaslar — nygmatlar elde däl-de, aňda göterilýär. Bu saçagyň duzundan dadan her kimse ata-babalaryň arzuwyna, ene-mamalaryň hüwdüsine, aga-inileriň yhlasyna siňen, ömrüň dürli menzillerinde nesil terbiýesine gerekli bolan ähmiýetli maglumatlary okap, öwrenip biler. Ynsanyň bagtyýarlygy diňe ýazgydyna däl-de, oňa siňdirilen terbiýä hem baglydyr.

Dünýe döräpdir, adam üçin ömrüň gymmaty hakyndaky düşünje-de bardyr. Ondan zyýada zat ýok diýseňem boljak.

Adam ömrüniň her bir gününi manyly etmäge çalyşýar. Manyly ýaşalan ýyllaryny hakydasynda saklaýar. Manyly ýaşaýan adamlary özüne görelde edinýär. Her bir şahsyýetiň ömür pursatlarynda onuň manyly, öwrenilmeli taraplary hem bardyr. Çyndan pikir etseň, manyny açmak adamyň özüne baglydyr. Durmuşy gowulandyrýan, ýaşaýşyň manysyny artdyrýan hem adamlardyr. Şeýle adamlar durmuşda dogry ýoly saýlap, halallykda, her bir zatdan göwnaçyklyk bilen oňyn netije çykaryp ýaşaýarlar.

«Pelegiň çarhy gowy adamlaryň hasabyna aýlanýar» diýilýär. Durmuşyň, umuman alnanda, manyly bolmagynda gowy adamlaryň köplüginiň gerekdigi düşnükli. Dünýäde adamyň durmuşynyň gowulyga tarap özgermegine diňe bir onuň öz tagallasy ýeterlik däl. Her bir adamyň durmuşyna töweregindäkileriň durmuşy hem täsir edýär. Gowy zady gören gowulyga ýykgyn edýär. Ýöne durmuşda ýaramazlyk diýlen zat hem bar. Üns etseňiz, oňa ýykgyn edýän azdyr. Sebäbi ol düşünje adamyň asylky tebigatyna kybap gelmeýär, ynsanlyk mertebesine laýyk däl.

Meniň dowamatym — meniň il-ulsuma goýan sapaklarym, ýagşy arzuwlarym, geljege bolan synmaz umydym.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 1035 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 1237 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI