Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzakmöhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmagy baş ýörelge hasaplaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, sähel wagtyň içinde täze şäheriň gurulmagy we açylmagy ähli halkymyz bilen bir hatarda bagtyýar ýaşlaryň hem şatlygyny has-da artdyrdy. Bu ýerde bina edilen ýaşaýyş jaýlarynda, edara binalarynda raýatlarymyzyň işlemekleri, ýaşamaklary, dynç almaklary üçin ähli amatly şertler döredildi. Bu ajaýyp şäherde döredilen amatlyklary synlap, dogrudan-da, döwletimizde adam hakyndaky aladanyň aýratyn üns merkezinde saklanýandygyna ýene-de bir gezek aýdyň göz ýetirýärsiň. Täze şäherde ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekmegi we ilhalar adamlar bolup ýetişmegi babatynda göz öňüne tutulýan amatlyklar buýsanjymyza buýsanç goşýar. Watanymyzyň geljekki ösüşlerini ýaşlarda görýän Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Serdarymyz ýaş nesle uly ynam bildirip, okamagymyz, öwrenmegimiz üçin ähli şertleri döredýär.
Şeýle ajaýyp zamanada ýaşamaga, döwrebap dynç almaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ogulnabat KALANDAROWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.