NANOTEHNOLOGIÝA

Geçen asyryň 90-njy ýyllaryndan başlap dünýäde fizika, himiýa we inženerçilik ugurlaryndaky ylymlaryň üstünliklerine daýanan nanotehnologiýa «XXI asyryň tehnologiýasy» adyna eýe bolýar. Sebäbi nanotehnologiýany birnäçe döwletlerde täze bir tehnologiýanyň eýýamy hökmünde has-da içgin öwrenýärler. Ýakyn geljekde bir ýurduň nanotehnologiýadaky derejesi, şol ýurduň güýjüniň görkezijisi bolar.

Eýsem, nanotehnologiýa neneň ýüze çykdyka ?

Nanotehnologiýanyň özi maddanyň atom we molekulýar derejede barlanmagy we üýtgedilip, işjeň ýagdaýa getirilmegidir. Bir nanometr bir metriň milliarddan bir ýa-da bir millimetriň milliondan bir bölegine deň gelýär. Umuman, 100 nanometr ýa-da ondan hem kiçi ölçegde maddanyň işlenilmegidir.

Nanotehnologiýanyň ulanylmagynyň we ylma derwaýyslygynyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Ol dürli gurluşlaryň aýry-aýry atomlarynyň zerur alamatlaryna gözegçilik etmegiň fiziki usullaryny göz astyna almaga mümkinçilikleri berýär. Şeýlelikde, metriň milliarddan bir paýyna barabar ölçegdäki aýry atomlar görülýär we ýerleşdirilýär. Nanotehnologiýa ady hem şol ýerden gelip çykýar.

Nanotehnologiýa sözüni ilkinji gezek 1912-1999-njy ýyllar aralygynda ýaşap geçen Tokio Bilim uniwersitetinden ýaponiýaly fizik Norio Taniguti ulanypdyr. 1974-nji ýylda çap edilen makalalaryň birinde Tanigutiniň nanotehnologiýa garaýyşlary beýan edilýär. Onda hususan-da, şeýle sözler bar: «Nanotehnologiýa – umuman maddalaryň atom ýa-da molekulýar derejede işlenilmegi, aýrylmagy, birleşdirilmegi we üýtgemegidir». Bu sözüň emele gelmezinden ozal, bu barada birnäçe pikirler hem orta atylypdyr. 1918-1988-nji ýyllarda ýaşap geçen amerikaly fizik, Nobel baýragynyň eýesi Riçard Feýnmanyň 1959-njy ýylda çap eden «Aşakda has köp ýer bar» atly çykyşy bu ugurdan ilkinji işleriň biri hasap edilýär. Feýnman bu çykyşynda atomlary we molekulalary barlap bilmegimiz üçin täze enjamlara zerurlyk duýulýandygyny belläp geçipdir.

Bilşimiz ýaly, ähli maddalar atomlardan emele gelýär. Häsiýetlerini hem atomlaryň düzülişlerinden alýar. Atomlary hereket etdirip biljek derejedäki esbaplar ösdürilen ýagdaýynda atomlar ýa-da molekulalar aýratynlykda birleşdirilip, nanotehnologiýada işlenilen önüm öndürilip bilner.

Nanotehnologiýanyň gün-günden ösmegi bilen, durmuşymyza täsir edip biljek köp sanly işlere özüniň amatly täsirini ýetirýär. Hususan-da, dokma senagatynda ýokary derejeli mata önümlerini, ýagny suw geçirmeýän we hapalanmaýan, zyýanly zatlardan goraýan, gün energiýasyndan elektrik toguny alyp, tomusda sowadýan, gyşda ýyladýan, reňkini üýtgedip bilýän matalaryň, şeýle hem, görüp we duýup bilýän dokma önümleriniň öndürilmeginde, dürli kesellerde, bejergileri öňküden hem çaltlaşdyrmakda, bedendäki sagdyn öýjüklere zyýan ýetmeginiň öňüni almakda, damarlaryň içinde hereket edip, keselleri bejerjek esbaplaryň döredilmeginde, gurluşykda berk we uzak wagtlyk çydamly materiallary öndürmekde, häzirki wagtda ulanylýan kompýuterlerden hem müňlerçe esse tiz işleýän kompýuterleri öndürmekde ägirt uly mümkinçilikleri bardyr.

Nanotehnologiýa birnäçe ugurlary öz içine alýan bilim şahasydyr. Häzirki wagtda senagat, fizika, himiýa, biologiýa we elektronika ýaly ugurlarda alymlar nanotehnologiýa babatda ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.

Dünýäniň ösen ýurtlarynyň ählisinde bilimiň esasy merkezi bölegini tutýan, şeýle hem, dünýäniň her ýerine tiz ýaýraýan nanotehnologiýa häzirki wagtda ýurdumyzda hem giňden öwrenilýär. Nanotehnologiýanyň içgin öwrenilmegi geljek ýyllarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan ähli ugurlarynda beýik ösüşlere ýetirer.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, şeýle-de beýleki şu ugra dahylly ýokary okuw jaýlarynyň degişli okuw binýadynda nanotehnologiýa baradaky nazary bilimler çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Şeýlelik bilen, ýaşlar geljegi uly bolan nanotehnologiýa ulgamy bilen ýakyndan tanyş bolmaga we içgin öwrenmäge mümkinçilik alýarlar. Bu bolsa geljekki hünärmenleriň ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde we senagat önümçiliginde aýratyn many-mazmuna eýe boljak nanotehnologiýa baradaky düşünjelerini artdyrmaga, kämil ylym binýadyna eýe bolmaga we bu babatda mynasyp goşantlaryny goşmaga ýardam edýär.

 

Mergen ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň  Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar