MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGYNA

MAGTYMGULY WE MERKEZI AZIÝA HALKLARY

Magtymguly Buharada okaýarka, ýörite ders berýän siriýaly alym Nury Kazym ibn Bahyr bilen tanyşýar.Tanyşlyk uzak ýyllyk dostluga öwrülipdir we ol alym bilen bilelikde Gazagystanyň köp ýerlerine syýahat edipdir. Şuňa salgylansak, akyldar şahyry gazak halklary hem ýakyndan tanapdyr. Maňgyşlakda ýaşan türkmenleriň üsti bilen bu halkyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan şahyryň goşgulary gazak bagşylary tarapyndan aýdym edilip aýdylypdyr.

Magtymguly Pyragynyň goşgulary garagalpak halky tarapyndan has söýlüp okalypdyr. XIX asyrda ýaşan garagalpak edebiýatynyň görnükli wekili Berdimyrat Berdak ussat şahyry özüniň halypasy hasaplapdyr. Garagalpak şahyrlary Ajynyýaz we Günhoja akyldar şahyra bagyşlap şygyrlar döredipdirler. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy özbek halklarynda hem uly gyzyklanma döredipdir. Özbek alymlary özleriniň ylmy işlerinde ussat şahyryň eserlerini köptaraplaýyn esasynda içgin öwrenipdirler. Dilçileri bolsa birnäçe kitaplary özbek diline terjime edipdirler. Bagşylary bolsa Nowaýy bilen birlikde söz ussadynyň şirin zyban setirlerini aýdym edip, gazal edip ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Özbek ýazyjysy Kerimbaý Kurambaýew «Magtymguly» romanyny ýazypdyr.

Görnükli täjik ýazyjysy Sadriddin Aýny akyldar barada şeýle belleýär: «Akyldar şahyr Magtymguly, Alişer Nowaýy, Saady, Firdöwsi, Nyzamy ýaly şahsyýetler bilen bir hatarda Gündogaryň öçmez ýyldyzydyr». Dana akyldar şahyryň ajaýyp goşgulary jemlenip, täjik diline birnäçe gezek terjime edilip, dürli kitap neşirlerinde çap edilipdir. Türkmen-täjik edebi hyzmatdaşlygynda möhüm oruna eýe bolan «Gymmatly miras» atly ýörite kitap akyldar şahyryň döredijiliginden söz açýar.

Magtymguly Pyragynyň golýazmalary Daşkendiň, Duşenbäniň, Almatanyň kitaphanalarynda saklanýar. Döwletara edebi hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda  akyldar şahyryň döredijiligini giňişleýin öwrenmek maksady bilen daşary ýurtlarda giň gerim gerimli işler alnyp barylýar. Gymmatly golýazmalar alymlarymyz tarapyndan içgin seljerilip, anyk deliller we maglumatlar halkymyza ýetirilýär. Edebi mirasymyzy dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boljak akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellenilmegi akyldar şahyry ýene-de bir gezek dünýä tanatmaga, dünýä ýurtlarynda giňişleýin öwrenmäge  möhüm ädim bolup durýar.

Gurbanmyrat GURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

 guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç

etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar