ÝAŞLAR MASLAHATA BARÝAR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda merdana türkmen halky bu günki gün ýurdumyzyň asudalygynda, parahatçylygyň goýnunda eşretli zamanada ýaşaýar. Muny aýtmaga bizde doly esas bar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki döwürde ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlap gelen özbaşdaklygy, berkararlygy, agzybirlikde jebis millet bolup ýaşamak hakynda eden arzuwlary wysal boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejeleriniň has-da gowulanmagy, olaryň erkinliginiň, hukugynyň, saglygynyň goragly bolmagy üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Gurlup ulanylmaga berilýän ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary, saglyk hemem medeni maksatly binalary, ylym-bilim ojaklarymyzyň täze desgalary bu gün eziz Diýarymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň abadan, parahat, bolelin durmuşda ýaşmagyna gönükdirilen işler maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. 

Hoşniýetlilik, sahylyk, myhmansöýerlik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk we päk niýetlilik ýaly ajaýyp häsiýetleri durmuş gözellikleri hökmünde bütin durky bilen kabul eden halkymyzyň dünýä bilen ýaşytdaş naýbaşy häsiýetleriniň biri-de bir-birege geňeş salmak, maslahatlaşmak häsiýetidir.

Ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýermek arkaly türkmen milletiniň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanmak bilen, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, agzybirligi, jebisligi berkitmekde hem-de demokratiýany ösdürmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti örän uludyr.

Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi adam hakyndaky alada, parahatçylyk, dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlykdyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alan toplumlaýyn özgertmeleri, syýasy, söwda-ykdysady, ulag, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ugurlarda milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Döwrebap obadyr şäherleri gurmak, jemgyýetimiziň döredijilik, aň-bilim mümkinçiliklerini kämilleşdirmek bilen, döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni binýady has-da pugtalandyrylýar. Watanymyzyň beýik taryhyna şöhratly sahypalar ýazylýar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň döredijilikli syýasatynyň netijesinde ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde türkmen jemgyýetinde demokratik başlangyçlary ösdürmek, raýat jemgyýeti edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.

Hut şu nukdaýnazardan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek boýunça beren tabşyrygyndan ugur alyp, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda netijeli işler alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, islendik ugurdaky ösüşlerde ýaşlara aýratyn orun degişlidir. Islendik kanuny ýörelgelerde hem ýaşlaryň hukuklary we borçlary, durmuş kepillikleri kesgitlenendir, şonuň esasynda hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem zehinli türkmen ýaşlarynyň köp sanlysy gatnaşarlar. Döwlet durmuşynyň geljegi ugrundaky ara alnyp maslahatlaşyljak dürli meselelerde öz mynasyp seslerini bererler we kabul edilen çözgütleri biragyzdan goldarlar. Çünki ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary tehnologiýaly senagata esaslanýan, gaýtadan işleýän köp ugurly innowasion ulgama öwürmek boýunça alnyp barylýan işlere uly goşant goşýan ýaşlarymyz Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň buýsanjydyr.

Şeýle hem syýasy düşünjeli, milli Konstitusiýamyza wepaly, öz hukuklaryna we borçlaryna, maşgaladaky ornuna düşünýän ýaşlary terbiýelemek, olarda ahlak terbiýesini, zähmete bolan söýgini, işjeň raýat aň-düşünjesini kemala getirmek maksady bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşi, ýurdumyzyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde wagyz-nesihat çäreleri, maslahat duşuşyklary, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär.

Biz – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri, işjeň agzalary bolup, ýurdumyzda ýokary derejede durmuşa geçirilýän Ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmakda, ýaşlary watansöýüjiligiň beýik nusgasynda terbiýelemekde mynasyp zähmetimizi gaýgyrmarys. Bütindünýä adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan beýik tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

 

Aýgül GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI