Hamyr ýugrup, ondan dürli tagamlary taýýarlamak örän inçe iş. Ilkinji nobatda, ol arassaçylygy, çeýeligi talap edýär. Ene-mamalarymyz kendirigi urbasyz, hamyrmaýasyz goýmak, uny döküp-saçmak maşgala agzybirligine al salarmyş diýip sargyt edýärler. Olar ýugrup oturan hamyryna üç sany bugdaý dänesini atýar ekenler. Şol üç däne hamyrdan ýeke-ýekeden gaba patlap düşýänçä, ýugrumyny ýetiripdirler. Hakyky ýugrumy ýeten hamyr ýalpyldap görünýär. Il içinde bu barada: «Etiň çigi et getir, hamyr çigi dert getir» «Hamyra çeýe — saglyga eýe» diýen nakyllar hem döräpdir.
Ynanja görä, hamyr ýugrulanda, onuň ýüzüni hiç wagt ýere-gaba çalman, gyrasyny epläp, düýrläp yzygiderli ýugurmalydyr. Hamyryň ýüzüni ýere çalyp ýugurmak halanylmaýar. Eger şeýle edilse hamyr: «Ýüzümi ýere çalyp ýugran eýäme öýkäm, tamdyra çörek bolup girenimde, gorly közüň howruna gyzyl ýüzüme gara menek çekip ysgynymy alýar» diýýärmişin. Şeýle çörekler tamdyrda uzak durmaýar we berekedi gaçyrýar diýlip ynanylýar.
Ine, şunuň ýaly ýol-ýörelgeleri, öwüt-ündewleri öwrenmek we nesilden-nesle ýetirmek biz — zenanlar üçin belent borçdur.
Altyn HOJAMOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň
pensiýa gaznasy bölüminiň başlygynyň kätibi,
TMÝG-niň işjeň agzasy.