Müritler Hudaý hakda köp sowal berer ekenler. Halypa ahyry olara şeýle diýipdir:
— Hudaýyň nämedigini hiç kim hem bilenok, Hudaýa akyl ýetirmek hem mümkin däl. Ol hakda islendik bir kesgitleme, siziň sowalyňyza nähili jogap bersemem, ol diňe Hakykatyň ýoýulmagy bolar.
Tamasy çykmadyk müritler ýene sowal beripdirler:
— Onda näme üçin sen Ol hakda köp gürrüň edýäň?!
— A guş näme üçin saýraýar?
“NAŞYJA SOWGATLAR” atly kitabyndan.