Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň üstümizdäki ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alnyp Türkmenabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda «Biz döwletli maslahata barýarys» diýen at bilen maslahat geçirildi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň belleniljek günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge bagyşlanan bu çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Türkmenabat şäher bölümi bilelikde guradylar. Oňa welaýatyň il sylagly ýaşululary, kümüş saçly eneleri, Mejlisiň deputatlary, halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işgärleri, bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň bagtyýar raýatlarynyň eden çykyşlaryndan hem görnüşi ýaly, berkarar döwletimizde hem bir döwletli tutumlarda, beýik özgertmelerde halk bilen maslahatlaşylyp, il-günüň teklipleri diňlenilýär. Hut şonuň ýaly galkynyşlar döwrümizde halkyň bähbidine gönükdirilen her bir döwletli tutumlaryň mynasyp dowam etmeginde ýaşuly nesliň wekilleriniň hyzmatlary uludyr. Çünki ata-babalarymyzyň bu ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek, ýaşululara geňeşmek, il-günüň tekliplerini diňlemek öz gezeginde halk häkimiýetliliginiň, milli demokratiýamyzyň dabaralanýandygyndan nyşandyr.
Bagtyýar ýaşlar öz çykyşlarynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň öz ykballarynda ýakymly waka hökmünde müdimilik galjakdygyny uly ynam bilen aýtdylar. Çünki döwletlilik, kanunylyk ýörelgelere esaslanmak bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi netijesinde ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň hatyrasyna gönükdirilen beýik işleriň uly toplumy bu ählihalk forumda öz beýany tapýar. Şonuň ýaly-da edilen çykyşlarda mundan beýläk-de halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde, döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde taryhy ähmiýete eýe boljak bu döwletli maslahata taýýarlyk görmek boýunça Lebap welaýatymyzda alnyp barylýan guramaçylykly işler barada aýdyldy. Maslahatda halkymyzyň bagtyýar şu güni we röwşen geljegi ugrunda yzygiderli aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyş sözleri ildeşlerimiziň bagtyýar döwre buýsançly owazy bolup ýaňlandy.
Merjen KADYROWA,
«Türkmen gündogary» gazetiniň uly habarçysy,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher
Geňeşiniň işjeň agzasy.