MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda «El hünäri – gelin-gyzlaryň baş zynaty» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, Arkadagly Serdarymyzyň mähriban enesi Ogulabat ejäniň on barmagyndan sünnälenip örülen milli alajanyň we iş guralynyň döwlet muzeýine tabşyrylmagy mynasybetli ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, türkmen gelin-gyzlarynyň milli el işlerine söýgüsini artdyrmak, olaryň asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly däplere, edep-ekramlylyga eýermeklerini gazanmak, ene-mamalarymyzdan miras galan milliliklerimizi geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen guralan bu çäre Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi.

     Täsirli çykyşlara, buýsançly söhbetlere beslenen duşuşyga Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehiniň, Arkadagly Serdarymyzyň il-halkymyz babatda döredip berýän şertleriniň miwesi bolan Arkadag şäheriniň çäginde dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlarymyz gatnaşdylar.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 30 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 181 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 151 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY