JARÇY

     Jarçylyk — halkymyzyň gadymy kesp-kärleriniň biridir. Ol öz döwrüniň jemgyýetçilik durmuşynda örän möhüm orny eýeleýän, juda hormatly kär bolupdyr. Häzirki wagtda durmuşymyzyň ösüp-özgermegi, ähli ugra döwrebap tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen, häzirki döwürde jarçy käri öz möwritini ötürdi. Ýöne şeýle-de bolsa ir döwürlerde habar beriş serişdeleriniň hyzmatyny ýerine ýetiren bu möhüm kär hakda ýaş nesliň bilmegini zerur hasaplaýarys.

     Geçmişde han-begleriň, kethudalaryň azyndan iki sany jarçysy bolupdyr. Olaryň üsti bilen ähli habarlar, täzelikler ilata ýetirilipdir. Umuman aýdanymyzda, jarçylar öz döwründe halk arasyna tanymal, gerekli adamlar bolupdyr.

     Jar çekýän jarçynyň habar ýetiriş täriniň özboluşly düzgüni bolupdyr. Şoňa laýyklykda jarçy ilki bilen ilaty habary diňlemäge çagyrýar, soňra kethudanyň ýa-da hanyň adyny aýdyp, onuň habaryny köpçülige mälim edýär.

     Birnäçe kinolarymyzda, aýratynam meşhur «Şükür bagşy» kinosynda jarçylyk käri örän gowy janlandyrylýar. «Görogly» eposynda ýa-da beýleki edebi miraslarymyzda-da jar çekilişine kän duşulýar.

     Biziň günlerimizde jarçylyk käri öz ähmiýetini ýitiren hem bolsa, ol ymykly durmuşymyzdan aýrylypdyr diýmek bolmaz. Çet gyralardaky ýa-da gum içindäki oba ilatlarynda toýdur sadaka edilende, häli-häzirem bu habarlary tutuş oba mälim edýän halatlaryna gabat gelinýär. Bu bolsa türkmen durmuşynda gadymy jarçylyk käriniň ymykly ýitip gitmändigine şaýatlyk edýär.

 

Gülnur REJEPOWA,

Daşoguz welaýatynyň «Köneürgenç» taryhy-medeni

döwlet goraghanasynyň hünärmeni.

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

03 Iýul 2024 | 0 okalan

BAR ZADYŇ HÖZIRINI GÖR...

02 Iýul 2024 | 18 okalan

ÝÜREGI ÝUWUJY SERIŞDE

28 Iýun 2024 | 77 okalan

ÝOLBARS HEM IT