Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz barada edilýän giň gerimli aladalaryň çuňňur many-mazmuny bardyr.
Diýarymyzda döredilýän ýaşaýyş-durmuş şertleri, ilki bilen, biziñ geljegimiz bolan çagalaryñ, ýaş nesliñ bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Serdarymyzyň irginsiz tagallasy netijesinde biziñ ýurdumyz bagtly çagalygyñ mekanyna öwrüldi. Şeýle mümkinçilikleri biri hem tomus möwsüminde çagalaryň dynç alyş wagtlaryny gyzykly hem täsirli geçirmek maksady bilen ýurdumyzda birnäçe çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri döredildi.
Arzylanyp garaşylan tomus pasly hem gelip ýetdi. Tomus pasly bolsa, ozaly bilen, ýaş nesliň dynç alyş möwsümi bilen häsiýetlendirilýär. Hut şoňa görä hem tomus paslynyň dowam edýän günlerinde çagalaryň wagtyny gyzykly, täsirli we peýdaly geçirmekleri üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigine biziň her birimiz şaýat bolýarys.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki ajaýyp sagaldyş dynç alyş merkezlerinde ýaş nesliň döwrebap derejede dynç almagyna wagtlaryny täsirli geçirmeklerine ähli şertler döredilendir. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde hem ösüp gelýän ýaş nesiller wagtlaryny şatlykly, gyzykly geçirip, göwnejaý dynç alýarlar. Ajaýyp günleriň hözirini görýän çagalaryň kalby Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşdan pürepür.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem çagalaryň her güni şatlykly, şowhunly we gyzykly geçýär. Tomusky dynç alyş möwsüminiň şatlyk-şowhundan doly günlerinde täsin wakalar, gyzykly pursatlar bilen ýüzbe-ýüz bolýan bagtyýar çagalar surat çekmek, aýdym aýtmak, tans etmek, şeýle-de sportuň futbol, woleýbol, basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, tanap çekmek görnüşleri boýunça geçirilýän bäsleşiklere uly höwes bilen gatnaşýarlar. Kitaphana baryp, täze eserler bilen tanyşýarlar. Ähli şert-mümkinçilikler bilen üpjün edilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde saglygyny berkidýän ýaş nesiller göwnejaý dynç almak, wagty peýdaly geçirmek şeýle hem dürli güýmenjeler bilen meşgullanmak üçin döredilen amatlyklar barada begenip gürrüň berýärler.
Hazar deňziniň merjeni bolan Awazanyň gözel keşbi kalplary joşdurýar. Agşamara attraksionlara, Awaza derýasynyň boýuna, ajaýyp suw çüwdürimleriniň ýanyna gezelenje çykýan çagalaryň şadyýan gülküleri gojaman Hazaryň mawy tolkunlaryna goşulyp gidýär. Awazanyň gözellikleri olary haýran galdyrýar. Deňsiz - taýsyz ajaýyplyklaryň buşlukçysy bolup, täsirli wakalara beslenýän her bir gün bagtdan paýly, ruhubelent çagalaryň kalbynda ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza egsilmejek guwanç hem buýsanç duýgularyny döredýär. Olar özlerinde dörän şol ajaýyp duýgulary biri-birleri bilen paýlaşýarlar.
Güneşli tomus paslynda medeniýetli dynç alyp, wagtlaryny gyzykly geçirýän çagalaryň begenji egsilmeýär. Olar özleriniň bagtly çagalygy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny çaga ýüreklerinden arzuw edýärler.
Mährijemal NYÝAZDURDYÝEWA,
TMÝG-niň «Türkmennebit» Döwlet konserniniň
şahamçasynyň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.