Hormatly Prezidentimiz TNGIZT-de täze desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
9-njy sentýabrda ir bilen milli Liderimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) täze energiýa desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Dabara gatnaşýanlaryň we myhmanlaryň öňünde çykyş edip, döwlet Baştutanymyz bu şanly waka bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sagat bolan iki sany täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna we hereket edýän elektrik bekediniň durkuny täzelemek işlerine badalga berilýär. Zawodlar toplumy üçin möhüm ähmiýeti boljak bu desgalaryň gurluşygyny Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Enerji» kompaniýasy amala aşyrar. Täze desgalar Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy kärhanalarynda öndürilen örän kämil enjamlar bilen üpjün edilip, 18 aýyň dowamynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar. Bu täze desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi zawodlar toplumynda ozal hereket edip gelýän hem-de geljekde işe giriziljek tehnologik desgalary elektrik energiýasy bilen üznüksiz, ygtybarly üpjün etmäge ýardam eder.
Milli Liderimiziň çykyşyndan soň, «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalyga we «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) ýolbaşçysy Wagit Alekperowa söz berildi. Işewürler öz çykyşlarynda, esasan, Türkmenistanyň senagat kuwwatyny güýçlendirmäge ýardam etjek özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardyklaryny nygtadylar.
Soňra bu ýere ýygnananlara Merkezi Aziýanyň hem-de Hazar sebitiniň örän iri senagat kärhanalarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik mümkinçilikleri bilen gysgaça tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.
Wideofilm tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz milli lybas geýen çagalaryň haýyşy boýunça şu günki şanly waka mynasybetli geljekki nesillere ýüzlenilen ýadygärlik ýazga gol çekdi hem-de ony ýörite guta ýerleşdirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz zawodlar toplumynyň täze energiýa desgalarynyň düýbi tutulýan ýere gelip, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalarynda täze guruljak binalaryň binýadyna türkmenistanlylaryň geljekki nesillerine ýüzlenilen ýörite gutyny goýdy. Emele gelen asylly däbe görä, milli Liderimiz täze desganyň binýadyna pil bilen ilkinji betony guýup, gurluşyga badalga berdi, munuň özi ýygnananlar tarapyndan ägirt uly joşgun we şatlyk bilen kabul edildi.
Dabaranyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hemmeleri şu günki şanly waka bilen ýene bir gezek gutlap, olar bilen mähirli hoşlaşdy hem-de Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline baryp, bu ýerden paýtagtymyza ugrady.
“Nesil” gazeti,
12.09.2020ý.