IŞ­LER SAZ­LA­ŞYK­LY UT­GAŞ­DY­RYL­MA­LY­DYR

14-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş ugruny durmuşa geçirmegiň, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmagyň, öňdäki möhüm şanly senelere taýýarlygyň, şeýle hem şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyga, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimini çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, şonuň ýaly-da, köp sanly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şäheriň häkimi şu günler dürli maksatly desgalarda işleriň depginini güýçlendirmek, paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerini abadanlaşdyrmak maksady bilen, degişli gulluklaryň işleriniň sazlaşykly utgaşdyrylýandygy hakynda-da hasabat berdi. Binalaryň gurluşygy ýokary depginde, iň döwrebap gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly bu ulgamdaky iň täze gazanylanlaryň esasynda alnyp barylýar. Hasabaty diňläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak boýunça işler guralanda durmuş-medeni, inženerçilik-tehniki hem-de ekologiýa ugurlarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy. Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz gurluşyk işleriniň gerimini nazara alyp, desgalaryň ýokary hil derejesini hem-de milli binagärlik aýratynlyklaryny üpjün etmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtap, häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri degişli yzygiderlilikde çykyş edip, sebitlerdäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler, bu möwsümde ulanylýan tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi barada hasabat berdiler. Şonuň bilen birlikde, welaýatlaryň çäklerinde bina edilýän dürli maksatly desgalardaky, hususan-da, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen binalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hem hasabat berildi.

Welaýatlaryň ekin meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çärelere ünsi çekip, milli Liderimiz güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymy möwsüminiň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, häkimlere degişli tabşyryklar berildi. Döwlet Baştutanymyz gowaçanyň ýapragyny düşürmek çäresini bellenilen möhlete laýyklykda geçirmegiň zerurdygyny nygtap, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, harmanhanalaryň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işlemegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem gant şugundyrynyň, güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almak üçin ähli tagallalaryň edilmelidigi tabşyryldy. Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz sebitleriň durmuş meselelerini çözmäge we ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen ähli desgalarda gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanylmagyny üpjün etmäge gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Bu babatda milli Liderimiz, aýratyn-da, Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň häkimleriniň ünsüni Ak öý binasy baradaky taslama çekdi, guruljak bu toplumlaryň medeni çäreleri, konsertleri we beýleki dynç alyş çärelerini hem geçirer ýaly derejede gurulmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra göni wideoaragatnaşykda Mejlisiň Başlygy Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar bilen çykyş etdi. Öňde boljak forumy guramaçylykly geçirmek, onuň maksatnamasyny we degişli resminamalary taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň türkmen jemgyýetiniň gurluşynyň gadymy edaralarynyň biridigini belläp, onuň berkarar döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda eýeleýän ornuna ünsi çekdi. Şu gezekki Halk Maslahatynyň Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylyna gabat gelýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz umumymilli forumy ýokary derejede guramak we geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Iş maslahatyny tamamlap, milli Liderimiz oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmäge, halkymyzyň abadan, döredijilikli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

17.09.2020ý.