DÖWLETLILIGIŇ MILLI DEMOKRATIK ÝOLY

     Halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biri-de il-gün ähmiýetli, wajyp meseleleri maslahatlaşyp, agzybirlikde çözmek dessurydyr. Bu gadymy ýörelge häzirki döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi görnüşinde dowam etdirilýär. Ata-babalarymyzyň «Geňeşsiz iş bolmaz» diýen pendinden ugur alyp, döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplanan köpasyrlyk milli tejribäniň ýokary derejede dowam etdirilýändigi guwandyryjydyr.

     Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň geçirilip, onda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de möhüm çözgütleriň kabul edilmegi halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

     Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlygymyzyň 32 ýylynyň dowamynda ählumumy ösüşiň, abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbitlerine oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän döwlet hökmünde Watanymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyran, agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyran wakalaryň ähmiýeti, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze mümkinçilikleri hakyndaky buýsançly sözleri başymyzy göge ýetirdi. Özygtyýarly Watanymyzyň okgunly ösüşi we beýik geljegimiz, ähli tagallalary döwletimiziň, jemgyýetimiziň depginli ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirmek, maksada okgunly işleri alyp barmak hakyndaky gymmatly maslahatlary tutuş jemgyýetimiziň watançylyk ruhuny has-da belende göterdi.

     Elbetde, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy wakasyna öwrülip, milli senenamamyzda möhüm orun eýelär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda bu umumymilli ýaşlar guramasynyň etrap şäher Geňeşleri tarapyndan hem ýokary derejede taýýarlyk işlerine girişildi. Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny şanly wakalar, döredijilik hem-de zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak ugrunda guramaçylykly işler dowam etdirilýär.

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlygyň çäklerinde bilim ulgamyny has-da ösdürmek bilen bagly teklipler öwrenilýär. Döwlet maksatnamalaryny we konsepsiýalaryny durmuşa geçirmekde, ýaşlary Watana söýgi, hormat goýmak, wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge we okatmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmetini, bilim işinde gazanan ýokary netijelerini we hünär ussatlygyny nazara alyp, bilim işgärlerini döwlet sylaglaryna hödürlemek bilen bagly işler geçirilýär.Döwletli maslahatyň ähmiýeti barada syýasaty öwrenijiler, professor-mugallymlar, alymlar, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri tarapyndan ilatyň, aýratynda, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär, gazet-žurnallarda makalalar çap edilýär, tele we radioýaýlymlarda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, ylmy-amaly maslahatlar guralýar.

     Türkmenistanyň Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň, il-günüň arasynda uly hormatdan peýdalanýan adamlar bilen maslahatlaşmak ýaly mizemez ýol-ýörelgelerine wepalylygyň hem kepilidir. Ol Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň geljekki uly ösüşleriniň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň, döwlet Baştutanymyzyň parasatly içeri hem daşary syýasatynyň nusgalykdygyny ýene bir gezek dünýä ýaýar.

 

Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI