Arkadag şäheri — ak mermerden gurulan, ekologik taýdan arassa şäher. Aýratyn bellemeli zat, şeýle «akylly» şäher türkmen gurluşykçylary tarapyndan guruldy. Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurulan döwlet ähmiýetli şeýle kaşaň şäheriň açylmagy taryhymyzda aýratyn sene boldy. Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda golaýda şäheriň ikinji tapgyryna-da badalga berildi.
Arkadag şäherini bina etmek üçin ýerli gurluşykçylarymyz gijelerini gündiz edip zähmet çekdiler. Hususy gurluşyk düzümleriniň 60-dan gowragynyň gatnaşmagynda amala aşyrylan şähergurluşyk taslamasynda ilatyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Hususy binagärlerimiz Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlarynyň esasynda sanlyja ýylyň içinde «akylly» şäher gurdular.
Şäheriň edara-kärhanalary we ýaşaýjylary üçin döwrebap «GPON» ulgamy we goşmaça giňeltme mümkinçiligi bolan 200 töweregi telewizion kanaly alyp görkezýän IP telewideniýe ulgamy hereket edýär. Bu tehnologiýalaryň işe girizilmegi bilen, her bir öýe optiki-süýümli ulgam çekilip, ol sekuntda bir gigabite çenli tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan bir wagtda peýdalanmaga mümkinçilik berer. Raýatlara bu ulgamyň üsti bilen onlaýn görnüşde peýdalanmaga şert döredýän mobil goşundysy taýýarlanyldy. Onuň üsti bilen ýaşaýjylar üçin köp sanly amatlyklar üpjün edildi. Döwrebap tehnologiýalara, «akylly» hem «ýaşyl» tilsimatlara daýanýan şeýle amatly mümkinçilikler Arkadag şäherinde iň häzirki zaman zähmet, jemgyýetçilik, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilip, onuň dünýä ülňüleriniň talaplaryna doly laýyk gelýän merkeze öwrüljekdigini görkezýär.
Göwher MÖWLÝAMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.