Mährem enäň mähri siňen mirasy,
Ýaş nesile nusgalykdyr görelde.
El işine siňen ol näzik mähri,
Gyz-geline her bir işde ýörelge.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, milletiň käbesi Ogulabat ejäniň öz eli bilen sünnäläp taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny we alaja taýýarlamakda ulanan iş guralyny muzeýe tabşyrmagy mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrabyň zenanlar guramasynyň hem-de etrap medeniýet bölüminiň guramagynda «Mährem enäniň mähri siňen mirasy» ady bilen dabaraly çäre geçirildi.Onda türkmen zenanlarynyň el hünäri, dünýä nusgalyk milli keşdeçilik sungaty barada, gelin gyzlarynyň arasynda asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlanyp el-işleriniň sergisi görkezildi. Geçirilen çärede häzirki döwürde ýurdumyzda dünýä nusgalyk milli el işlerimiziň has-da kämilleşdirilmegi üçin birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigi barada uly buýsanç bilen bellediler. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine we gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Çäräniň barşynda gelin-gyzlarymyz, däp-dessurlarymyza, milliligimize, türkmençilige uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň el hünäri, yhlas siňdirip ören alajasy türkmen gelin-gyzlaryna nusga alarlykdygyny nygtap, mähriban käbäniň el işlerinde öz dünýäsi, arzuw-islegleri, pikir-garaýyşlary, ýürek sözleri, ýagşy dileg-dogalary sungatyň üsti bilen beýan edilýändigini aýtdylar. Milliligimize uly sarpa goýýan milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Abat MÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.