GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ YLHAMYNDA PYRAGY

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň has-da belende göterilmeginiň sakasynda ulus-ilimiziň Gahryman Arkadagy, Halkymyzyň Milli Lideriniň pähim-parasaty we ajaýyp başlangyçlary, kämil garaýyşlary we giň gerimli tagallalary bar. Ajaýyp zamanamyzda bolsa bu taryhy başlangyçlaryň dabaralanmagy, Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanyna ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda bolsa peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň döredijilikli syýasatynyň aýdyň alamatlary görünýär. Bu sazlaşyk bolsa döwürleriň hem ömürleriň şuglasyna, nesilleriň arasyndaky mizemez baglanyşygyň dowamat-dowam bolýandygyna güwä geçýär.

     Parlak paýhasy we kämil edebi döredijiligi bilen dünýä medeniýetinde we edebiýatynda öçmez ýyldyza öwrülen Magtymguly Pyragynyň ylham güzeri barha joşgun alýar. Onuň döreden ajaýyp eserleri ynsanperwerlik tuguny parladyp, nesilleriň ebedilik-terbiýeçilik mekdebi hökmünde ýaşaýar.

     Ýaňy ýakynda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp günleriniň birinde Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň günorta künjeginde alnyp barylýan işler hem-de paýtagty ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli taslamalar bilen tanyşdy. Milli Liderimiziň Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerini synlap, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň türkmen halkyny, aýratynda ýazyjy şahyrlary buýsandyrýandygyny aýtdy. Şeýle hem çeper döredijilige aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada täze goşgy setirlerini döredendigini aýtmagy we bu ajaýyp goşgusyny okap bermegi ähli halkymyz bilen birlikde biz ýaşlary hem tüýs ýürekden buýsandyrdy.

     Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp şygyrynda:

 

Uly-kiçi her bir işde kaýyldyr ol gullugyna,

Külli türkmen halky üçin ömür janly tildigine,

Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine,

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

 

     — diýip belleýär. Pähim-paýhas ummanyna deňäp, beýik türkmen akyldarynyň şöhratyny öz ajaýyp şygyry arkaly hem täze belentliklere göteren Gahryman Arkadagymyzyň öz döredijiligi hem dünýä deýin giň hem, mähek deýin dürdäne.

     Mähriban Arkadagymyzyň bu mukaddes göreldesi ýaş nesiller üçin örän uly mekdepdir, durmuş sapagydyr. Öz beýik şahsyýetine sarpa goýmagy, milletiň mertebesini göteren danalarymyzyň, alym-ulamalarymyzyň eserlerini öwrenmegi bagtyýar nesiller üçin hem ajaýyp borç hökmünde kesgitleýän Arkadagymyzyň goşgy setirleri bilen beýan eden arzyly pikirleri ýaşlaryň dilleriniň senasyna öwrülýär. Biz bu ajaýyp şygry okap, ilkinji nobatda türkmen topragynyň akyldar şahyryna bolan sarpamyzy artdyrýarys, öz döredijilik ylhamy bilen köňüllere barýan ýollara ýagtylyk çaýan Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyna ebedilik joşgun dileýäris.

 

Rahmangylyç ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI